Habarlar
Hormatly Prezidentimiz iş sapary bilen Balkan welaýatyna ugrady
07.10.2026
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow iş sapary bilen Balkan welaýatyna ugrady. Döwlet Baştutanymyz ir bilen paýtagtymyzyň Halkara howa menziline geldi. Howa menzilinden hormatly Prezidentimiz Türkmenbaşy şäherine tarap ugrady.
Giňişleýin
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Hatyra güni mynasybetli çärä gatnaşdy
06.10.2026
Şu gün — Hatyra güni Türkmenistanda 1948-nji ýylyň Aşgabat ýertitremesiniň pidalary, şeýle hem Watan goragynda söweş meýdanlarynda wepat bolan gahrymanlar hasrat bilen ýatlanyldy. Paýtagtymyzdaky «Halk hakydasy» ýadygärlikler toplumynda geçirilen gül goýmak hatyra çäresine hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow gatnaşdy.
Giňişleýin
Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi
03.10.2026
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisini geçirdi. Onuň gün tertibine harby we hukuk goraýjy edaralarda şu ýylyň dokuz aýynda alnyp barlan işleriň netijeleri girizildi.
Giňişleýin
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
02.10.2026
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisini geçirdi. Onda şu ýylyň dokuz aýynda ýurdumyzda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi.
Giňişleýin
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň ýaşuly nesillerine hem-de ähli halkyna
01.10.2026
Sizi dünýä bileleşigi bilen birlikde Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzda umumadamzat gymmatlyklaryny hem-de ynsanperwerligiň belent ýörelgelerini dabaralandyrýan baýram hökmünde giňden bellenilýän Ýaşulularyň halkara güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn. Ýaşuly nesillere çuňňur hormat-sarpa goýmak, olaryň mertebesini belende götermek müňýyllyklardan gözbaş alýan milli ýörelgelerimiziň hem-de nesilara dowamatlylygymyzyň binýatlyk esasydyr.
Giňişleýin
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynyň açylyş dabarasyna gatnaşdylar
29.09.2026
Şu gün “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” ýylynyň möhüm ähmiýetli wakalarynyň üstüni ýetiren taryhy pursatlar bolup geçdi. Köpetdagyň eteginiň gözel künjegindäki Türkmenistanyň Prezidentiniň 1200 orunlyk Ahalteke atçylyk toplumynyň açylyş dabarasyna hormatly Prezidentimiz we Gahryman Arkadagymyz gatnaşdylar.
Giňişleýin
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
25.09.2026
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere seredildi. Döwlet Baştutanymyz mejlisi açyp: “Hemişe bolşy ýaly, biz jenaýat edendikleri üçin iş kesilen we eden etmişlerine ökünip, ak ýürekden toba gelen raýatlarymyzyň günäsini geçýäris, olary jeza çekmekden boşatmak ýaly sahawatly çäreleri yzygiderli geçirip durýarys” diýip belledi.
Giňişleýin
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi
23.09.2026
Şu gün paýtagtymyzdaky Maslahat köşgünde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi geçirildi. Ýurdumyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 35 ýyllygynyň öňüsyrasynda geçirilen Halk Maslahatynyň mejlisiniň gün tertibine mähriban halkymyzyň bagtyýar we abadan durmuşyny üpjün etmäge, şeýle hem ýurdumyzyň durmuş-ykdysady taýdan mundan beýläk-de ösdürilmegine gönükdirilen möhüm meseleler girizildi.
Giňişleýin
Hormatly Prezidentimiziň adyna doglan güni mynasybetli gutlag hatlar gelip gowuşýar
22.09.2026
Sizi doglan günüňiz bilen tüýs ýürekden gutlamaga hem-de iň gowy arzuwlarymy ibermäge örän şatdyryn. Biz Sizi belent hormat-sarpa eýe bolan doganlyk türkmen halkynyň ajaýyp ogly, ýurduň durmuş-ykdysady ösüşine ägirt uly goşant goşýan döwlet işgäri hökmünde tanaýarys. Türkmenistanyň öňe sürýän sebit we ählumumy ähmiýetli başlangyçlarynyň dünýä bileleşigi tarapyndan işjeň goldanylmagy munuň aýdyň mysalydyr.
Giňişleýin
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
22.09.2026
Sizi «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllygynyň baýram edilýän günlerinde bellenilýän şanly doglan günüňiz mynasybetli türkmen halkynyň hem-de Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň adyndan tüýs ýürekden gutlaýaryn. Siziň janyňyzyň sag, ömrüňiziň uzak bolmagyny, mähriban halkymyzy beýik işlere ruhlandyrmaga, hemişelik Bitarap Watanymyzyň Ýer ýüzündäki abraý-mertebesini has-da belende galdyrmaga gönükdirilen başlangyçlaryňyzyň mundan beýläk-de rowaçlyklara beslenmegini arzuw edýärin.
Giňişleýin
Türkmenistanyň Prezidenti Ermenistan Respublikasynyň ýolbaşçylaryny gutlady
21.09.2026
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan Ermenistan Respublikasynyň Prezidenti Waagn Haçaturýana we Premýer-ministri Nikol Paşinýana, ýurduň dostlukly halkyna Ermenistan Respublikasynyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi.
Giňişleýin
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
18.09.2026
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere seredildi. Ilki bilen, Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa ýurdumyzyň kanunçylyk binýadyny pugtalandyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada maglumat berdi.
Giňişleýin
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
17.09.2026
Sizi beýik Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk şanly baýramçylygyna beslenýän şu taryhy günlerde Koreýa Respublikasyna amala aşyran döwlet saparyňyzyň üstünlikli geçmegi hem-de Size Songýungwan uniwersitetiniň syýasy ylymlaryň hormatly doktory derejesiniň berilmegi, Koreýanyň Halkara söwda assosiasiýasynyň Hormat nyşanynyň we ýörite şahadatnamasynyň gowşurylmagy mynasybetli türkmen halkynyň hem-de Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň adyndan tüýs ýürekden gutlaýaryn.
Giňişleýin
Türkmenistanyň Prezidenti «Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy» ilkinji sammitine gatnaşdy
16.09.2026
Şu gün Koreýa döwlet saparynyň çäklerinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ýyl ýazgysynda taryhy sahypany açýan “Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy” ilkinji sammitine gatnaşdy. Häzirki zaman halkara gatnaşyklarynyň ählumumy özgerýän şertlerinde bu sammitiň geçirilmegi Merkezi Aziýa sebitiniň dünýäniň geosyýasy we geoykdysady ulgamynda barha artýan ornuny görkezýär.
Giňişleýin
Türkmenistanyň Prezidenti bilen Koreýa Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda gepleşikler geçirildi
15.09.2026
Şu gün Koreýa döwlet saparynyň çäklerinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bilen Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Li Çže Mýonuň arasynda ikitaraplaýyn gepleşikler geçirildi. Ozal habar berlişi ýaly, hormatly Prezidentimiz 14-nji sentýabrda döwlet sapary bilen Koreýa Respublikasyna bardy. Ir bilen döwlet Baştutanymyz Koreýa Respublikasynyň Milli gahrymanlarynyň ýadygärligine bardy. Bu ýerde Hormat garawulynyň esgerleri nyzama düzülipdir.
Giňişleýin