Habarlar
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Koreýa Respublikasyna döwlet sapary başlandy
14.09.2026
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow döwlet sapary bilen, şeýle hem “Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy” ilkinji sammitine gatnaşmak üçin Koreýa Respublikasyna ugrady. Döwlet Baştutanymyz dostlukly ýurda ugramak üçin paýtagtymyzyň Halkara howa menziline geldi. Bu ýerde hormatly Prezidentimizi ýurdumyzyň resmi adamlary ugratdylar.
Giňişleýin
Bedew bady — ösüşlere badalga Arkadag şäherinde ýokary derejedäki halkara mejlis geçirildi
13.09.2026
Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy esasynda binýat bolan Arkadag şäheriniň Ruhyýet köşgünde “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany”: parahatçylygyň, dostlugyň we hyzmatdaşlygyň giňişligi” atly ýokary derejedäki halkara mejlis geçirildi. Oňa ýurdumyzyň Hökümet agzalary, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, ministrlikleriň, pudaklaýyn düzümleriň ýolbaşçylary, jemgyýetçilik guramalarynyň, syýasy partiýalaryň agzalary gatnaşdylar. Myhmanlaryň hatarynda daşary döwletleriň we halkara guramalaryň Türkmenistandaky diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary, hormatly ýaşulular, köp sanly ýaşlar bar.
Giňişleýin
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
11.09.2026
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere seredildi. Ilki bilen, Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa ýurdumyzyň kanunçylygyny kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler barada maglumat berdi. Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda Mejlisde döredilen iş toparlarynda “Gozgalmaýan emläge bolan hukuklaryň döwlet belligine alynmagy hakynda”, “Türkmenistanda ahalteke bedew atlarynyň döwlet goragy hakynda” Türkmenistanyň Kanunlarynyň taslamalaryny taýýarlamak, şeýle hem “Kärende hakynda”, “Paýdarlar jemgyýetleri hakynda”, “Neşirýat işi hakynda”, “Işiň aýry-aýry görnüşlerini ygtyýarlylandyrmak hakynda” hereket edýän kanunçylyk namalaryna döwrebap üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek boýunça işler alnyp barylýar.
Giňişleýin
Türkmenistanyň Prezidenti GDA-nyň Tohumçylyk meseleleri boýunça hökümetara utgaşdyryjy geňeşiniň başlygyny doglan güni bilen gutlady
11.09.2026
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Gahrymany, GDA-nyň Tohumçylyk meseleleri boýunça hökümetara utgaşdyryjy geňeşiniň başlygy, “Semena” assosiasiýasynyň başlygy Iwan Kuzmine doglan güni mynasybetli ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.
Giňişleýin
Türkmenistanyň Prezidenti Fransiýanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi
09.09.2026
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Fransiýa Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenilen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi hanym Alena Grandy kabul etdi. Ol döwlet Baştutanymyza ynanç hatyny gowşurdy.
Giňişleýin
Zehinli çagalaryň «Garaşsyzlygyň merjen däneleri» bäsleşigine gatnaşyjylara
08.09.2026
Sizi Garaşsyzlyk güni mynasybetli zehinli çagalaryň arasynda geçirilýän «Garaşsyzlygyň merjen däneleri» atly döredijilik bäsleşiginiň döwlet derejesindäki jemleýji tapgyryna gatnaşmagyňyz bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimizde amala aşyrylýan beýik işleri, şan-şöhratly taryhymyzy we milli medeniýetimizi, bagtyýar döwranymyzy kalbyňyzdan joşup çykýan şirin owazly, çeper many-mazmunly aýdym-sazlaryňyz bilen mynasyp beýan etmekde ýoluňyz hemişe ak bolsun!
Giňişleýin
Türkmenistanyň Prezidenti iş maslahatyny geçirdi
07.09.2026
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we sebitlerde alnyp barylýan möwsümleýin işler bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Giňişleýin
Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi
04.09.2026
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynda şu ýylyň sekiz aýynda alnyp barlan işleriň netijelerine garaldy. Şeýle hem mejlisiň gün tertibine Garaşsyz döwletimizde howpsuzlygy we asudalygy üpjün etmek, harby we hukuk goraýjy edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, olaryň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek bilen baglanyşykly birnäçe meseleler girizildi.
Giňişleýin
Türkmenistanyň Prezidenti Norwegiýanyň Patyşasyny gutlady
02.09.2026
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan Onuň Alyjenaby Hokon VIII-ä Norwegiýanyň Patyşasy hökmünde tagta geçmegi mynasybetli ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.
Giňişleýin
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň mekdep okuwçylaryna, talyp ýaşlaryna, mugallymlaryna we bilim işgärlerine
01.09.2026
Sizi Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe jemgyýetimizi has-da jebisleşdirýän we uly ösüşlere ruhlandyrýan Bilimler we talyp ýaşlar güni hem-de 2026-2027-nji täze okuw ýylynyň başlanmagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllygynyň taryhy wakalar bilen şöhratlanýan «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda bilimler baýramçylygynyň baý many-mazmunly dabaralarynyň mekdep okuwçylarymyza, talyp ýaşlarymyza, mugallymlarymyza, ähli halkymyza ýatdan çykmajak ýakymly duýgulary paýlap, eziz Watanymyza söýgimizi has-da pugtalandyrjakdygyna berk ynanýaryn.
Giňişleýin
Türkmenistanyň Prezidenti Ýaponiýanyň daşary işler ministrini kabul etdi
30.08.2026
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýurdumyza sapar bilen gelen Ýaponiýanyň daşary işler ministri Toşimisu Motegini kabul etdi. Toşimisu Motegi wagt tapyp kabul edendigi we bildirilen myhmansöýerlik üçin döwlet Baştutanymyza hoşallygyny beýan edip, Ýaponiýada Türkmenistana ygtybarly hyzmatdaş hökmünde garalýandygyny we özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmäge möhüm ähmiýet berilýändigini belledi.
Giňişleýin
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
28.08.2026
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere seredildi. Ilki bilen, Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa ýurdumyzyň kanunçylyk binýadyny berkitmek boýunça alnyp barylýan işler barada maglumat berdi. Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda Mejlisde “Elektron söwda hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň taslamasyny taýýarlamak, Türkmenistanyň Jenaýat, Gümrük, Zähmet, Sanitariýa we Maşgala kodekslerine hem-de başga-da käbir kanunçylyk namalaryna üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek, döwletimiziň halkara resminamalara goşulmagyny hukuk taýdan goldamak boýunça işler dowam etdirilýär.
Giňişleýin
Türkmenistanyň Prezidenti Moldowa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
27.08.2026
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Moldowa Respublikasynyň Prezidenti Maýýa Sanduwa we ýurduň ähli halkyna Moldowa Respublikasynyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy mynasybetli ýürekden gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi.
Giňişleýin
Türkmenistanyň Prezidenti Serbiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
26.08.2026
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan Serbiýa Respublikasynyň Prezidenti Aleksandr Wuçiçe we ýurduň ähli halkyna Türkmenistan bilen Serbiýa Respublikasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli ýürekden gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi.
Giňişleýin
Türkmenistanyň Prezidenti Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi
24.08.2026
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenilen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi hanym Petra Dahtleri kabul etdi. Ol döwlet Baştutanymyza ynanç hatyny gowşurdy.
Giňişleýin