Habarlar

Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi

06.07.2026

  Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we sebitlerde alnyp barylýan işler bilen baglanyşykly meselelere garaldy. Ilki bilen, Ahal welaýatynyň häkimi T.Nurmyradow welaýatda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda sebitde ýygnalan bugdaý hasylyny galla kabul ediş nokatlaryndan ammarlara we elewatorlara daşamak, geljek ýylyň hasyly üçin bugdaý ekişine taýýarlyk görmegiň çäklerinde galla oragyndan boşan meýdanlary sürmek, bugdaý tohumyny möwsüme taýýarlamak işleri alnyp barylýar. Gowaça ekilen meýdanlarda hatarara bejergi, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleri dowam edýär. Şunda oba hojalyk tehnikalaryndan netijeli peýdalanylýar. Welaýatyň ekerançylyk meýdanlarynda ýetişdirilen gök-bakja ekinleriniň hasylyny ýygnap almak, olary ilata ýetirmek babatda-da degişli çäreler görülýär. Şeýle hem häkim ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge gönükdirilen maksatnamalara laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.

Giňişleýin
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

03.07.2026

  Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere seredildi. Ilki bilen, Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa ýurdumyzyň kanunçylygyny kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işleriň netijeleri barada maglumat berdi. Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda Mejlisde döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlaryna laýyklykda we halkara tejribeler esasynda gozgalmaýan emläge bolan hukuklaryň döwlet belligine alynmagy, ýurdumyzyň halkara resminamalara goşulmagyny hukuk taýdan goldamak bilen baglanyşykly kanun taslamalaryny taýýarlamak, Türkmenistanyň hereket edýän käbir kodekslerine we kanunlaryna döwrebap üýtgetmeleri, goşmaçalary girizmek boýunça degişli işler alnyp barylýar. Mejlisiň wekilleri kanunçykaryjylyk we parlament işinde özara tejribe alyşmak maksady bilen, Hytaý Halk Respublikasynyň Halk wekilleriniň Ählihytaý ýygnagynyň hemişelik komiteti tarapyndan guralan okuw maslahatyna, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň geçiren maslahatyna gatnaşmak üçin HHR-de, Awstriýa Respublikasynda iş saparlarynda boldular.

Giňişleýin
Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi

01.07.2026

  Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisini geçirdi. Onda harby we hukuk goraýjy edaralarda şu ýylyň alty aýynda alnyp barlan işleriň netijelerine seredildi. Şeýle hem mejlisiň gün tertibine Garaşsyz döwletimizde howpsuzlygy, asudalygy üpjün etmek, harby we hukuk goraýjy edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, olaryň işini has-da kämilleşdirmek bilen baglanyşykly meseleler girizildi. Ilki bilen, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministri B.Gündogdyýewe söz berildi. Ol 2026-njy ýylyň geçen alty aýynda Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerini ösdürmegiň maksatnamasynyň çäklerinde ýurdumyzyň goranyş ukybyny pugtalandyrmak boýunça alnyp barlan işler, nobatdaky harby gulluga çagyrmak möwsüminiň netijeleri, harby gullukçylaryň gulluk we ýaşaýyş şertlerini gowulandyrmak babatda görlen çäreler barada hasabat berdi.

Giňişleýin
Watanymyzyň ykdysady kuwwatynyň, halkymyzyň ruhy baýlygynyň bähbidine

30.06.2026

  Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlaryny üstünlikli dowam etdirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda Watanymyz ähli ugurlarda belent sepgitlere ýetýär. Milli ykdysadyýetimiziň yzygiderli ösdürilmegi, jemgyýetiň intellektual we döredijilik kuwwatynyň artdyrylmagy, halkara hyzmatdaşlygyň giňeldilmegi munuň aýdyň güwäsidir. 22-23-nji iýunda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Azerbaýjan Respublikasynda döwlet saparynda boldy. «Zagulba» köşgünde döwlet Baştutanymyz bilen Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýewiň arasynda gepleşikler geçirildi. Onuň barşynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň geljegi, özara gyzyklanma bildirilýän sebit we halkara gün tertibiniň esasy meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Hazar deňzindäki hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda görkezildi.

Giňişleýin
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi

29.06.2026

  Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we sebitlerde alnyp barylýan işler bilen baglanyşykly meselelere garaldy. Ilki bilen, Ahal welaýatynyň häkimi T.Nurmyradowa söz berildi. Häkim Gahryman Arkadagymyzyň doglan güni mynasybetli welaýatyň ähli ýaşaýjylarynyň adyndan iň gowy arzuwlaryny beýan edip, Milli Liderimizi we hormatly Prezidentimizi Arkadag şäheriniň döredilmeginiň şanly senesi bilen gutlady. T.Nurmyradow welaýatyň gallaçy daýhanlarynyň döwlet harmanyna bugdaý hasylyny tabşyrmak baradaky şertnamalaýyn borçnamany üstünlikli ýerine ýetirendikleri baradaky hoş habary aýtdy hem-de öndürijilikli zähmet çekmäge döredilýän şertler üçin hormatly Prezidentimize we Gahryman Arkadagymyza welaýatyň ýaşaýjylarynyň adyndan hoşallyk bildirdi.

Giňişleýin
Arkadag şäheriniň hormatly ýaşaýjylaryna

28.06.2026

Eziz watandaşlar!Hormatly Arkadag şäheriniň ýaşaýjylary! Garaşsyz Watanymyzda taryhy işler, beýik özgertmeler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Ykdysadyýetimiziň ähli pudaklary yzygiderli ösdürilýär, mähriban halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesi barha ýokarlandyrylýar. «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň ...

Giňişleýin
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

26.06.2026

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere seredildi. Ilki bilen, Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa milli kanunçylygy döwrebaplaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada maglumat berdi. Bellenilişi ýaly, ýurdumyzy mundan beýläk-de ösdürmäge, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmaga, adam hukuklaryny we azatlyklaryny goramaga, döwlet maksatnamalaryny durmuşa geçirmäge gönükdirilen kanunçylyk namalaryna döwrüň talaplaryna laýyklykda degişli üýtgetmeleri hem-de goşmaçalary girizmek boýunça zerur işler alnyp barylýar.

Giňişleýin
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz bilen Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik

25.06.2026

  Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi. Gahryman Arkadagymyz we Prezident Ilham Aliýew birek-biregi mähirli mübärekläp, iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň häzirki ýokary derejesini kanagatlanma bilen bellediler. Şunuň bilen baglylykda, azerbaýjan Lideri hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýakynda Azerbaýjana amala aşyran döwlet saparynyň ähmiýetini belledi. Saparyň dowamynda türkmen wekiliýetiniň giň wekilçilikli düzümi Azerbaýjana goýulýan hormat-sarpanyň nyşany hökmünde kabul edildi. Prezident Ilham Aliýew bu saparyň däp bolan dostlukly azerbaýjan-türkmen gatnaşyklarynyň taryhynda möhüm tapgyr bolandygyny aýdyp, geçirilen gepleşikleriň netijesinde gazanylan ylalaşyklaryň özara bähbitli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge itergi berjekdigine ynam bildirdi.

Giňişleýin
Türkmenistanyň Prezidenti Sloweniýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady

24.06.2026

  Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Sloweniýa Respublikasynyň Prezidenti hanym Nataşa Pirs-Musara Sloweniýa Respublikasynyň milli baýramy — Döwlet güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi. Döwlet Baştutanymyz mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Nataşa Pirs-Musara berk jan saglyk, bagtyýarlyk we abadançylyk, Sloweniýanyň halkyna bolsa parahatçylyk, ösüş hem-de rowaçlyk arzuw etdi.

Giňişleýin
Türkmenistanyň Prezidentiniň Azerbaýjan Respublikasyna döwlet sapary tamamlandy

23.06.2026

  Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Azerbaýjan Respublikasyna döwlet saparynyň çäklerinde Fizuli we Şuşa şäherlerine baryp gördi. Döwlet Baştutanymyz Baku şäheriniň Geýdar Aliýew adyndaky Halkara howa menziline bardy we bu ýerden Fizuli şäherine ugrady. Biraz wagtdan hormatly Prezidentimiziň uçary iki ýurduň Döwlet baýdaklary bilen bezelen Fizuli Halkara howa menziline gelip gondy. Haly düşelen ýodajygyň iki tarapynda Hormat garawulynyň esgerleri nyzama düzüldiler. Howa menzilinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew mähirli garşylady. Howa menzilinden döwlet Baştutanymyz we Prezident Ilham Aliýew bilelikde awtoulagda Fizuli şäherine ugradylar.

Giňişleýin
Türkmenistanyň Prezidentiniň Azerbaýjan Respublikasyna döwlet sapary başlandy

22.06.2026

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow döwlet sapary bilen Azerbaýjan Respublikasyna ugrady. Döwlet Baştutanymyz Azerbaýjana ugramak üçin paýtagtymyzyň Halkara howa menziline geldi. Bu ýerde hormatly Prezidentimizi ýurdumyzyň resmi adamlary ugratdylar. Häzirki wagtda türkmen-azerbaýjan gatnaşyklary iki doganlyk halkyň taryhy köklerine, medeniýetiniň, diliniň we ruhy gymmatlyklarynyň umumylygyna esaslanýan strategik hyzmatdaşlygyň nusgalyk derejesini görkezýär. Döwletara hyzmatdaşlygyň häzirki tapgyry ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň yzygiderli we okgunly ösdürilmegi üçin aýdyň ugurlary kesgitleýän ýokary derejedäki yzygiderli syýasy dialog bilen häsiýetlenýär. Söwda-ykdysady, energetika hyzmatdaşlygy özara gatnaşyklaryň esasy binýady bolup çykyş edýär. Iki ýurduň hem uglewodorod serişdeleriniň ägirt uly gorlaryna eýe bolmagy dünýäniň energetika bazarynda tagallalary utgaşdyrmak, giň gerimli düzümleýin taslamalary durmuşa geçirmek üçin giň mümkinçilikleri açýar.

Giňişleýin
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

20.06.2026

  Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere seredildi. Ilki bilen, Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa milli kanunçylygymyzy döwrebaplaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada maglumat berdi. Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda Mejlisde Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň düzgünlerinden we halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalaryndan ugur alnyp, döwletimiziň halkara resminamalara goşulmagyny hukuk taýdan goldamak bilen baglanyşykly kanun taslamalaryny taýýarlamak, şeýle hem adam hukuklarynyň we azatlyklarynyň, jemgyýetiň hem-de döwletiň kanuny bähbitleriniň goragyny has-da pugtalandyrmak maksady bilen, Türkmenistanyň Jenaýat, Jenaýat iş ýörediş, Jenaýat-ýerine ýetiriş, Arbitraž iş ýörediş, Raýat iş ýörediş kodekslerine döwrebap üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek boýunça işler alnyp barylýar.

Giňişleýin
Malaýziýanyň Premýer-ministriniň ýurdumyza resmi sapary başlandy

18.06.2026

  Şu gün Malaýziýanyň Premýer-ministri Anwar Ibrahim resmi sapar bilen ýurdumyza geldi. Iki ýurduň Döwlet baýdaklary bilen bezelen paýtagtymyzyň Halkara howa menzilinde belent mertebeli myhmany resmi adamlar garşyladylar. Haly düşelen ýodajygyň ugrunda Hormat garawuly nyzama düzüldi. Bu ýerde Premýer-ministr Anwar Ibrahim myhmansöýerligiň asylly däbine görä garşylanyldy. Howa menzilinden belent mertebeli myhmanyň awtoulag kerweni sapar wagty özi üçin niýetlenen kabulhana tarap ugrady.

Giňişleýin
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Ahal welaýatyna iş sapary

17.06.2026

  Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ahal welaýatyna iş saparyny amala aşyrdy hem-de welaýatda dowam edýän galla oragynyň barşy bilen tanyşdy. Ýurdumyzyň oba hojalyk pudagyny ösdürmek we onuň maddy-tehniki binýadyny döwrebaplaşdyrmak, pudaga innowasiýalary, ylmyň soňky gazananlaryny ornaşdyrmak boýunça Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanan özgertmeler maksatnamasy häzirki wagtda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýär.

Giňişleýin
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi

15.06.2026

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda hem-de sebitlerde alnyp barylýan işler bilen baglanyşykly meselelere garaldy. Ilki bilen, Ahal welaýatynyň häkimi T.Nurmyradowa söz berildi. Ol welaýatda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, welaýatda galla oragy dowam edip, ýetişdirilen hasyly gysga möhletde we ýitgisiz ýygnap almak hem-de galla kabul ediş kärhanalarynda bökdençsiz kabul etmek boýunça degişli işler alnyp barylýar. Bu ugurda oba hojalyk tehnikalary doly güýjünde işledilýär.

Giňişleýin