KANAGADYŇ BEREKEDI

08.10.2026

Ir döwürlerde serhetýaka obalaryň birinde halalhon, günüňe şükürli bir bagban ýaşapdyr. Ol gije diýmän, gündiz diýmän, bagynyň idegini edip, suwuny tutup, bar yhlasyny siňdirýän eken. «Yhlas eden myrat tapar» diýleni. Onuň bagy ýyldan-ýyla bol hasyl eçilipdir. Bagban sahy hem eli açyk adam eken. Bagynyň miwelerini goňşy-golamlardan, dost-ýarlardan gysganmasy ýok eken. Günleriň birinde bagban bagynyň miwelerinden ýurduň şasyna paý äkitmegi ýüregine düwüpdir. Muny eşiden obadaşlary onuň bolşuna geň galypdyrlar. Emma bagban pikirinden dänmändir, öz arzuwyny wysal etmek üçin miwelerinden ýüküni tutup, ýola rowana bolupdyr.

Gadym ýurduň merkezi şäheriniň ýeke-täk derwezesi bolup, bu ýere ähli gelen-giden şol derwezeden girip-çykmaly eken. Derwezäniň gabadynda bagbany garawul garşylapdyr. Garawul bagbanyň nireden gelip, nirä barýandygy, ýüküniň nämedigi bilen içgin gyzyklanypdyr. Bagban özüniň serhetýakasyndaky kiçeňräk bir obadandygyny, ýüküniň bolsa bagynyň miweleridigini, ýurduň şasyna paý alyp barýandygyny aýdypdyr. Garawul bagbany ýaňsylap: «Ýeri, patyşa seniň bagyň miwelerine zar diýsene! Onuň bagynda hem seniňki ýaly miweler bardyr. Şa seniň miweleriňi yzyna gaýtarar ýa-da atyna berer, asla onuň gadryny bilmez, saňa-da hiç zat eçilmez» diýipdir. Soňra özüniň şähere bäş barmagy ýaly beletdigini aýdyp, bagbanyň miwelerini ýerleşdirip biljek bazaryny salgy beripdir. Eger şol bazara barsa, geljek ýyl onuň şähere gelmeginiň hem zerur bolmajagyny, söwdagärleriň hut özleriniň baryp miwelerini satyn aljakdygyny, bagbanyň ep-esli gurplanjakdygyny, obasynda tüçjar baýa öwrüljekdigini aýdypdyr.

Bagban onuň sözlerini diňläp, maslahaty üçin garawula sag bolsun aýdyp, özüniň miwelerini gazanç etmek, baýamak üçin däl-de, ýurduň şasyna minnetdarlyk bildirmek üçin alyp gelýändigini, miweleri üçin ondan hiç zada hantama däldigini dile getiripdir. Garawul: «Ýeri, ol minnetdar bolar ýaly näme edenmişin?» diýip, bagbana sowal beripdir. Bagban özüniň serhetýakasyndaky obada ýaşaýandygyny, goňşy ýurduň bagbanlarynyň ýylboýy der döküp, baglaryna ideg edip, miweleri ýygnaýmaly bolanda, ýarysyndan hem köpüsini salgyt hökmünde geçirýändiklerini, olaryň uzakdan ýeten ýerinde elleriniň ýetmeýändigini, baglarynyň miwe ekişiniň öwerlik däldigini, özüniň bolsa bag üçin hiç bir salgyt tölemeýändigi sebäpli maşgalasy, hatda obasy bilen dok ýaşaýandyklaryny aýdyp, ýoluny dowam etdiripdir.

Ýurdun şasy dana adam eken. Ol derwüşiň, täjiriň, syýahatçynyň sypatynda halkyň içinde bolup, olaryň hal-ýagdaýyny, köşk adamlaryna garaýşyny, emeldarlaryň iş alyp barşyny öwrenip, adyl syýasat ýöreder eken. Bagbanyň şähere gelen güni hem ol garawulyň sypatynda eken.

Bagban köşge baranynda, özüne sataşan garawuly hökümdar sypatynda görüp, gözlerine ynanmandyr. Şonda şa oňa: «Hawa, meniň bagymda seniňki ýaly datly miweler kän. Ýöne meniň bagymda seniň ýaly bagban ýok. Şonuň üçin men seni ýurduň baş bagbany edip, ähli baglaryň idegini saňa tabşyrýaryn. Sen özüň ýaly şägirtleri ýetişdir. Goý, seniň kanagatyň şaha ýaýyp, miweläp, meniň ýurduma bereket getirsin» diýipdir.

Şol bagban şägirtlerine hemişe şeýle sargyt eder eken: «Açgöz bolmaň, tamakin bolmaň. Tamakinlik rysgyňy göterer. Hars urmaň, harsydünýälik sizi Hakynyň hem halkyň gözüne düşürer. Emma wagtyňyza hem nygmatyňyza tygşytly garaň, isrip gelen döwleti göterer. Hemişe minnetdar boluň we kanagat ediň. Kanagat bagtyň hem berekediň açarydyr».

Jennet Arazowa, Arkadag şäheriniň prokurorynyň kämillik ýaşyna ýetmedikler we ýaşlar hakyndaky kanunlaryň ýerine ýetirilişine gözegçilik bölüminiň prokurory, ýustisiýanyň kiçi geňeşçisi.