Habarlar
Sagdyn durmuş ýörelgelerini ilerletmek — döwlet syýasatynyň möhüm ugry
07.08.2026
Şu gün zähmet rugsadynda bolýan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ir säher bilen Hazaryň kenarynda welosipedli ýörişi amala aşyrdy. Munuň özi jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgelerini berkitmek bilen baglanyşykly meseleleriň döwletimiziň hemişelik üns merkezinde saklanýandygynyň nobatdaky beýanyna öwrüldi.
Giňişleýin
Türkmenistanyň Prezidenti Şweýsariýa Konfederasiýasynyň wise-prezidenti, Daşary işler federal departamentiniň başlygyny kabul etdi
05.08.2026
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasyna başlyklyk edýän Şweýsariýa Konfederasiýasynyň wise-prezidenti, Daşary işler federal departamentiniň başlygy Inýasio Kassisi kabul etdi. Şweýsariýa Konfederasiýasynyň wise-prezidenti, daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy bildirilen myhmansöýerlik üçin döwlet Baştutanymyza tüýs ýürekden hoşallygyny beýan edip, ÝHHG-niň dünýäde parahatçylygy we durnukly ösüşi üpjün etmäge gönükdirilen syýasaty durmuşa geçirýän Türkmenistan bilen netijeli gatnaşyklary pugtalandyrmaga uly gyzyklanma bildirýändigini aýtdy hem-de ýurdumyzyň halkara hyzmatdaşlygy giňeltmek boýunça başlangyçlaryna ýokary baha berdi.
Giňişleýin
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
01.08.2026
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda şu ýylyň geçen ýedi aýynda ýurdumyzda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi. Ilki bilen, Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa şu ýylyň ýanwar – iýul aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada maglumat berdi. Bellenilişi ýaly, geçen ýedi aýyň dowamynda Türkmenistanyň Kanunlarynyň 7-si we Mejlisiň kararlarynyň 12-si kabul edildi.
Giňişleýin
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Azerbaýjan Respublikasynyň döwlet Baştutanlarynyň resmi däl konsultatiw duşuşygyndaky ÇYKYŞY
31.07.2026
Ilki bilen, Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti hormatly Sadyr Nurgožoýewiç Žaparowa bildirilen myhmansöýerlik we şu duşuşygymyzyň ajaýyp guramaçylyk derejesi üçin minnetdarlygymy beýan etmek isleýärin. Pursatdan peýdalanyp, size Gahryman Arkadagymyzyň mähirli salamyny, netijeli işlemek baradaky arzuwlaryny ýetirýärin. Bu ýerde — Yssyk-kölüň kenarynda täze, ajaýyp desgalaryň açylmagy bilen gyrgyz tarapyny gutlaýaryn. Bu döwrebap infrastrukturanyň diňe bir kölüň kenarýakasyny bezemek bilen çäklenmän, eýsem, tutuş sebitimiziň syýahatçylyk mümkinçiliklerini ösdürmek üçin hem kuwwatly itergi boljakdygyna ynanýaryn.
Giňişleýin
Durnukly ykdysady ösüş — halkyň abadan durmuşynyň kepili
30.07.2026
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň giň gerimli özgertmelerini üstünlikli dowam etdirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda ýurdumyzda ykdysadyýetiň durnukly ösüşini üpjün etmek hem-de ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesini mundan beýläk-de ýokarlandyrmak boýunça toplumlaýyn çäreler yzygiderli durmuşa geçirilýär. «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda ähli pudaklar boýunça ileri tutulýan wezipeler we önümçilik meýilnamalary, welaýatlaryň, Aşgabat, Arkadag şäherleriniň durmuş-ykdysady ösüş görkezijileri, özleşdirilmegi meýilleşdirilýän maýa goýumlaryň möçberi şu ýylyň 13-nji fewrаlynda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde kabul edilen «Türkmenistany 2026-njy ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasynda» kesgitlenendir.
Giňişleýin
Türkmenistanyň Prezidenti Ýewropanyň täzeleniş we ösüş bankynyň ýolbaşçysyny kabul etdi
28.07.2026
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýurdumyza sapar bilen gelen Ýewropanyň täzeleniş we ösüş bankynyň ýolbaşçysy hanym Odil Reno-Bassony kabul etdi.
Myhman wagt tapyp kabul edendigi üçin hoşallygyny beýan edip, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzyň ösüşiň täze belentliklerine çykýandygyny belledi hem-de Aşgabadyň gözel binagärlik keşbiniň özünde uly täsir galdyrandygyny aýtdy.
Giňişleýin
Türkmenistanyň Prezidenti Eýran Yslam Respublikasynyň ýol we şähergurluşyk ministrini kabul etdi
27.07.2026
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýurdumyza sapar bilen gelen Eýran Yslam Respublikasynyň ýol we şähergurluşyk ministri hanym Farzane Sadeg Malwajerdi kabul etdi.
Giňişleýin
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
24.07.2026
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere seredildi.
Ilki bilen, Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa milli kanunçylygy döwrebaplaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada maglumat berdi. Bellenilişi ýaly, Mejlisde adam hukuklarynyň we azatlyklarynyň, kanuny bähbitleriniň goralmagy, gozgalmaýan emläge bolan hukuklaryň döwlet belligine alynmagy, döwletimiziň halkara resminamalara goşulmagyny hukuk taýdan goldamak boýunça Türkmenistanyň Kanunlarynyň taslamalaryny taýýarlamak, hereket edýän birnäçe kanunçylyk namalaryna döwrebap üýtgetmeleri, goşmaçalary girizmek boýunça degişli işler geçirilýär.
Giňişleýin
Türkmenistan parahatçylyk söýüjilik, açyklyk we netijeli hyzmatdaşlyk syýasatyny ilerledýär
21.07.2026
Geçen hepdäniň wakalary halkymyzyň Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk baýramyny garşylamaga barýan ýolundaky täze ýeňişleriniň nobatdaky aýdyň güwäsi boldy. Hormatly Prezidentimiziň we Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary bilen Garaşsyz ýurdumyz Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna, parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk, özara bähbitli hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan «Açyk gapylar» syýasatyny üstünlikli durmuşa geçirýär.
Giňişleýin
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
20.07.2026
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we sebitlerde alnyp barylýan işler bilen baglanyşykly meselelere garaldy.Ilki bilen, Ahal welaýatynyň häkimi T.Nurmyradowa söz berildi. Häkim welaýatda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, şu günler sebitiň galla oragyndan boşan meýdanlarynda sürüm işleri geçirilýär. Ekişde ulanyljak oba hojalyk tehnikalaryny, bugdaý tohumyny möwsüme taýýarlamak babatda zerur çäreler görülýär. Gowaça ekilen meýdanlarda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg işleri, hususan-da, hatarara bejergi, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleri geçirilýär.
Giňişleýin
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
18.07.2026
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere seredildi.
Ilki bilen, Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa ýurdumyzyň kanunçylygyny kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler barada maglumat berdi.
Bellenilişi ýaly, ýurdumyzy syýasy, durmuş-ykdysady we medeni taýdan ösdürmek boýunça kabul edilen maksatnamalardan we Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň ýörelgelerinden ugur alnyp, şeýle hem ministrliklerden, pudaklaýyn dolandyryş edaralaryndan gelip gowşan teklipler seljerilip, Türkmenistanyň täze kanunlarynyň taslamalaryny taýýarlamak we hereket edýän birnäçe kanunçylyk namalaryna döwrebap üýtgetmeleri hem-de goşmaçalary girizmek boýunça degişli işler geçirilýär.
Giňişleýin
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Gruziýa döwlet sapary tamamlandy
17.07.2026
Şu gün Gruziýa döwlet saparynyň çäklerinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bilen Gruziýanyň Premýer-ministri Irakliý Kobahidzäniň arasynda ikitaraplaýyn gepleşikler geçirildi. Ozal habar berlişi ýaly, 16-njy iýulda hormatly Prezidentimiz döwlet sapary bilen Gruziýa bardy. Ir bilen döwlet Baştutanymyz Tbilisi şäherindäki Gahrymanlar meýdanyna bardy. Bu ýerde Hormat garawulynyň esgerleri nyzama düzülipdir. Hormatly Prezidentimiz Gruziýanyň milli gahrymanlaryny hatyralap, ýadygärlige gül desselerini goýdy. Munuň özi geljek nesilleriň abadan durmuşy üçin şirin janyny pida eden gahrymanlary hatyralamak ýaly türkmen we gruzin halklaryna mahsus däpleriň dowamata atarylýandygynyň beýany boldy. Soňra Türkmenistanyň we Gruziýanyň Döwlet senalary ýaňlandy.
Giňişleýin
Türkmenistanyň Prezidentiniň Gruziýa döwlet sapary başlandy
16.07.2026
Häzirki wagtda Türkmenistan bilen Gruziýanyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklar birek-birege hormat goýmak, deňhukuklylyk, ynanyşmak ýörelgeleri esasynda yzygiderli ösdürilýär. Ýokary we parlamentara derejedäki özara saparlar munuň aýdyň beýanydyr. Şunuň bilen baglylykda, 2025-nji ýylyň martynda Gruziýanyň Premýer-ministri Irakliý Kobahidzeniň Türkmenistana amala aşyran resmi saparynyň ikitaraplaýyn dialogy pugtalandyrmakda möhüm tapgyr bolandygyny bellemek gerek. Ykdysady ulgam hyzmatdaşlygyň esasy ugry bolup durýar. Bu ulgamda tagallalary utgaşdyrmakda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-gruzin hökümetara toparyna aýratyn orun degişlidir. Taraplar özara haryt dolanyşygynyň möçberini artdyrmak, maýa goýum işjeňligini höweslendirmek, iki ýurduň işewürler toparlarynyň arasynda göni gatnaşyklary ýola goýmak üçin has amatly şertleri döretmek ugrunda yzygiderli işleri alyp barýarlar.
Giňişleýin
Türkmenistanyň Prezidenti Fransiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
14.07.2026
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Fransiýa Respublikasynyň Prezidenti Emmanuel Makrona we ýurduň ähli halkyna Fransiýanyň milli baýramy — Bastiliýanyň eýelenen güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi.
Döwlet Baştutanymyz mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Emmanuel Makrona tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk, Fransiýanyň halkyna bolsa parahatçylyk, abadançylyk hem-de rowaçlyk arzuw etdi.
Giňişleýin
Durmuş-ykdysady ösüşiň täze belentliklerine tarap
12.07.2026
Geçen hepdäniň wakalary hormatly Prezidentimiziň öňdengörüjiliki syýasaty, Gahryman Arkadagymyzyň tagallalary netijesinde dünýä ýurtlary bilen netijeli dialogy ösdürmek üçin ähli şertleriň döredilýändigini aýdyň görkezdi. Bu bolsa syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer, ylym-bilim ulgamlarynda gatnaşyklaryň giňeldilmegine, ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny yzygiderli artdyrmaga, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini mundan beýläk-de ýokarlandyrmaga ýardam edýär.
Giňişleýin