JEMGYÝETIŇ SAGDYNLYGYNY ÜPJÜN EDÝÄN GYMMATLYKLAR

26.05.2025

Sport we bedenterbiýe jemgyýetiň sagdynlygyny üpjün edýän gymmatlyklardyr. Ýurdumyzda sport bilen bagly öňde goýlan maksatlary amala aşyrmak ugrunda badalga berlen işler üstünlikli durmuşa geçirilýär, ussat türgenleri taýýarlamak ugrunda toplumlaýyn özgertmeler amala aşyrylýar. Sport boýunça halkara hyzmatdaşlygyň has-da giňeldilmegi ajaýyp zamanamyzda döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Bu tutumlar türkmen sportunyň abraýynyň has-da artmagyna, türgenlerimiziň dünýä derejesinde geçirilýän ýaryşlarda ýokary netijeleri gazanmaklaryna uly täsirini ýetirýär.

Ýurdumyzda bedenterbiýe we sport ugruny düzgünleşdirýän «Bedenterbiýe we sport hakynda», «Atçylyk we atly sport hakynda», «Sportda dopinge garşy göreşmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunlarynyň hereket etmegi, Aşgabat we Arkadag şäherlerinde, ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda stadionlaryň, bedenterbiýe we sagaldyş toplumlarynyň, atçylyk sport toplumlarynyň, sport mekdepleriniň we beýleki desgalaryň gurulmagy bu ugra aýratyn uly üns berilýändiginiň güwäsidir.

Sportuň dünýäde giň gerime eýe bolmagynda hem döwletimiz aýratyn işjeňlik görkezýär. Türkmenistanyň 2023 — 2027-nji ýyllar üçin ÝUNESKO-nyň Bedenterbiýe we sport boýunça hökümetara komitetiniň agzalygyna saýlanylmagy, geçen ýyl paýtagtymyzda geçirilen Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisinde Aşgabat şäherini «Arkalaşygyň täze sport mümkinçilikleriniň şäheri» diýip yglan etmek barada Çözgüdiň kabul edilmegi, BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynda Türkmenistanyň başlangyjy bilen «Birleşen Milletler Guramasynyň oýunlary» atly Kararnamanyň kabul edilmegi munuň aýdyň subutnamalarydyr. Bu wakalaryň sagdynlygyň, ruhubelentligiň, sportuň mekany hökmünde Watanymyzyň abraýyny arşa göterýändigi guwandyryjdyr.

Laçyn Tuwa­ko­wa, Balkanabat şäheriniň prokurorynyň uly kömekçisi, 1-nji derejeli ýurist.