MÄHRE MYNASYP MÄHRIBANLAR

30.05.2025

Mähriban enelerimiz — dünýämiziň bezegi, ömrümiziň manysy. Türkmen halkynyň asylly ýörelgeleriniň biri-de, enäni Käbä deňemek, oňa mukaddeslik hökmünde garamakdyr. Döwletimizde zenanlarymyz, çagalarymyz uly alada we hem metaraplaýyn gorag bilen gurşalandyr.

Zenanlar çaga terbiýelemegiň we täze nesilleriň kemala getirilmeginiň ata-babalarymyz tarapyndan toplanan baý tejribesi ni ulanmak bilen, maşgala gymmatlyklaryny saklamagy we goramagy başarýarlar. Olar milli medeniýetimizi ösdürmekde, milli däpdessurlarymyzy gorap saklamakda, ýaş nesilleri terbiýelemekde uly güýç bolup durýarlar. Gahryman Arkadagymyz «Enä tagzym — mukaddeslige tagzym», «Mert ýigitler gaýrat üçin dogul ýar» atly kitaplarynda ene mukaddesligi, maşgala ojagy, Watan, türkmenleriň milli özboluşlylygynda kemala gelen hem-de watançy we mynasyp raýaty terbiýelemäge ýardam edýän ene-ata bilen çagalaryň arasyndaky gatnaşyklaryň esaslary, maşgala gymmatlyklary dogrusynda giňişleýin beýan edýär.

Güneşli Diýarymyzda amala aşyrylýan oňyn özgertmeleriň netijesinde ýurdumyzda adam hukuklaryny goramakda, bu babatda halkara kadalaryny ornaşdyrmakda, erkekleriň we zenanlaryň deňhukuklylygyny üpjün etmekde anyk netijeler gazanylýar. Türkmenistanda ýöredilýän gender syýasaty zenanlaryň jemgyýetçilik durmuşynyň ähli ugurlaryna deň hukukly gatnaşmagyny kepillendirmäge, kanunçylyk tarap dan goldamagyň çärelerini işläp taýýarlamaga gönükdirilendir.

Zenanlarymyzyň mertebesini belent tutup, olaryň hormat-sylagyny arşa göterýän hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak, il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli alyp barýan işleri elmydama rowaç bolsun!

Şirin HODJYÝEWA, Ahal welaýatynyň prokurorynyň hukuk üpjünçiligi boýunça uly kömekçisiniň wezipesini ýerine ýetiriji, ýustisiýanyň kiçi geňeşçisi.