03.06.2025
Häzirki döwürde ahalteke bedewleriniň dünýädäki şan-şöhratyny has-da artdyrmakda hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde ägirt uly işler durmuşa geçirilip, şolaryň esasynda hem milli atşynaslyk sungatymyz uly ösüşlere eýe bolýar. Berkarar döwletimizde atçylyk sportunyň ösdürilmegi babatda, ahalteke bedewleriniň tohumçylyk-seçgiçilik işi boýunça giň gerimli işleriň alnyp barylmagy Ýer ýüzünde ahalteke atlaryna bolan gyzyklanmanyň barha artmagyny üpjün edýär.
Ýurdumyzda atçylyk bilen baglanyşykly kanunçylyk ulgamynyň hem kämilleşdirilýändigini bellemek gerek. Muňa mysal hökmünde «Atçylyk we atly sport hakynda» Türkmenistanyň Kanunyny görkezmek bolar. Bu Kanun atçylygy, atly sporty ösdürmegiň hukuk, ykdysady we guramaçylyk esaslaryny kesgitleýär hem-de ol ýurdumyzda arassa ganly tohum atlaryň genofonduny gorap saklamaga, atlar köpeldilen, ösdürilip ýetişdirilen, ulanylan mahalynda ýüze çykýan gatnaşyklary düzgünleşdirmäge gönükdirilendir.
Pederlerimizden miras galan atşynaslyk sungatynyň bagtyýar ýaş nesil lerimiz tarapyndan mynasyp dowam etdirilýändigini, atşynaslar barada döwletimiz tarapyndan edilýän aladalaryň öz ajaýyp miwelerini berýändigini nygtamak bolsa aýratyn ýakymlydyr.
Resul Nazarow, welaýat prokuraturasynyň umumy gözegçilik bölüminiň prokurory, 2-nji derejeli ýurist.