07.06.2025
Halkymyz ynsan saglygyny goramaklyga we sagdyn ýaşaýşa, sagdyn durmuş ýörelgelerine asyrlarboýy aýratyn üns berip, çagalarynyň ýaşlykdan arassaçylyk kadalaryna eýermekleri, sagdyn iýmitlenmekleri, sagdyn durmuşy, zähmeti söýýän adamlar bolup ýetişmekleri üçin ähli şert-mümkinçilikleri döretmekligi öz borjy saýypdyr, bu ugurda kämil kadalary, düzgünleri durmuş mekdebiniň ýol-ýörelgesine öwrüpdir. Ol kadalardyr düzgünler ata-babalarymyz, ene-mamalarymyz tarapyndan ýyllaryň dowamynda has-da kämilleşdirilip, beýleki gymmatlyklar bilen birlikde, biziň eşretli zamanamyza gelip ýetipdir.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde saglygy goraýyş ulgamy uly ösüşlere eýe bolup, onda halka edilýän hyzmatlar dünýä hil derejesine ýetirildi. Şeýle-de bu maksatnama boýunça geljegimiz bolan çagalaryň berk bedenli bolmaklary, sagdyn durmuş ýörelgelerine eýermekleri üçin Diýarymyzda toplumlaýyn işler durmuşa geçirilýär.
Sport hemişe-de ynsan saglygyny üpjün edýän serişdeleriň biri bolup gelýär. Ýurdumyzda sagdyn durmuş ýörelgeleriniň, köpçülikleýin bedenterbiýäniň giň gerime eýe bolmagynyň, sportuň ösdürilmeginiň gözbaşynda durýan esasy wezipeleriň biri hem raýatlarymyzyň saglygyny goramakdan ybaratdyr. Ajaýyp zamanamyzda bu wezipäniň üstünlikli durmuşa geçirilmeginiň netijesinde hem ynsan durmuşynyň bezegi bolan saglygy goramakda ata Watanymyzyň nusgalyk döwlete öwrülendigi guwandyryjydyr hem buýsandyryjydyr.
Sähragül Aşyrowa, welaýat prokuraturasynyň kazyýet kararlarynyň kanunylygyna gözegçilik bölüminiň uly prokurory, ýustisiýanyň geňeşçisi