11.06.2025
Gadymy döwürlerden bäri halkymyz haýyrly işleri amal etmek, mätäje goldaw bermek ýaly asylly ýörelgelere eýerip gelipdir. Häzirki döwürde hem şeýle ynsanperwer ýörelgeler ýurdumyzyň döwlet syýasatynda öz beýanyny tapýar. Gahryman Arkadagymyzyň adyny göterýän Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň döredilip, bu gaznanyň hasabyna birnäçe sogaply işleriň amala aşyrylandygyny bellemek bolsa has-da buýsançlydyr. Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen işlenip taýýarlanylan «Saglyk» Döwlet maksatnamasyna laýyklykda, ýurdumyzda ynsan saglygyny, hususan-da, çagalaryň hemmetaraplaýyn ösüşini üpjün etmek meselelerine aýratyn ähmiýet berilýär. Bu maksatlary amala aşyrmakda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ynsanperwer hemaýaty bimöçberdir. Häzirki wagtda bu gaznanyň serişdeleriniň hasabyna ýurt boýunça howandarlyga mätäç çagalaryň hossarlarynyň ýüz tutmagy bilen, ýüzlerçe operasiýalar, şol sanda ýürek-damar, ortopediýa keselleri we beýleki birnäçe keseller boýunça barlag-bejergi işleri geçirildi. «Haýyr-sahawat işi hakynda» Türkmenistanyň Kanunynda ata-enesiniň hossarlygyndan galan çagalara, howandarlyga mätäç çagalara, köp çagaly maşgalalara, gartaşan adamlara, maýyplygy bolan adamlara zerur bolan durmuş goldawyny bermek üçin haýyr-sahawat işini amala aşyrmakda döwletiň ýardam berýändigi barada beýan edilýär. Kanuna laýyklykda, döwlet haýyr-sahawatçylaryň, ýagny haýyr-sahawat edýän adamlaryň hukuklarynyň, azatlyklarynyň, kanuny bähbitleriniň goralmagyny kepillendirýär. Daşary ýurtly raýatlar, raýatlygy bolmadyk adamlar, halkara guramalary Türkmenistanyň çäginde haýyr-sahawat işini amala aşyryp, haýyr-sahawatçylar hökmünde çykyş edip bilerler. Bu bolsa döwletimiziň ynsanperwer syýasaty amala aşyrýandygyny, haýyr-sahawat işlerini ilerletmekde döwlet tarapyndan birnäçe ýeňillikleriň döredilýändigini görkezýär. Bagtyýar raýatlarymyza şeýle ajaýyp zamanany bagyş eden hormatly Prezidentimiziň, Gahryman Arkadagymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli tutumly işleri hemişe rowaçlyklara beslensin!
Serdar HOJAMGULYÝEW, Balkanabat şäheriniň prokurory, ýustisiýanyň geňeşçisi