20.07.2025
Berkarar döwletimiziň mertebesi Ýer ýüzünde, zamananyň depesinde baýdak bolup parlaýar. Şunda ýylymyzyň şygary diňe biziň ýurdumyz däl, eýsem, bütin dünýä üçinem örän ähmiýetlidir. Ol berkarar türkmen döwletiniň adamzada berýän gymmatlyklary bilen gönüden-göni baglanyşyklydyr. Munuň şeýledigine Gahryman Arkadagymyzyň «Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy», «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany», «Jan Watanym Türkmenistan», «Ýaşasyn parahat durmuş!», «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» atly eserleri arkaly çuňňur göz ýetirmek mümkin.... Parahatçylygyň beýik filosofiýasy bu eserleriň adyndan başlap, tutuş mazmunyndan eriş-argaç bolup geçýär.
Adamzat ýagşylygyň, haýryň, adalatyň hemişe üstün çykjakdygy baradaky düşünjäni durmuşyň daýanjyna öwrüpdir. Türkmen Bitaraplygynyň binýadynda hem umumadamzat gymmatlygy bolan şeýle düşünjeler durýar. Diýmek, döwletimiziň alyp barýan syýasaty adamzat üçin zerur bolan beýik ideýalara ýugrulandyr.
Biziň halkymyz ozaldan garaşsyzlygy, döwletliligi söýýän, ösüşe, parahatçylyga ymtylýan halk. Şunda döwletimiziň bitaraplyk syýasatynyň esaslarynda hem iň kämil ýörelgeleriň durandygyny buýsançly bellemek gerek. Şoňa görä-de, türkmen Bitaraplygy umumadamzat üçin nusga boldy. Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan üç gezek ykrar edildi. Bu waka Milletler Bileleşiginiň taryhynda möhüm sahypa öwrüldi. Şoňa görä-de, BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan 12-nji dekabr Halkara Bitaraplyk güni diýlip yglan edildi.
Gahryman Arkadagymyz tarapyndan öňe sürlen «Dialog — parahatçylygyň kepili» taglymaty dünýäde uly meşhurlyga eýe. Bu gün ol ýurdumyzyň parahatçylyk söýüjilikli syýasatynyň iňňän möhüm şygarlarynyň birine öwrülip, halkara gatnaşyklaryň parahatçylykly ýol bilen ösdürilmegine, ählumumy howpsuzlygyň, durnukly ösüşiň üpjün edilmegine goşandyny goşýar. Milli Liderimiziň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň daşary syýasat strategiýasy, ýurdumyzyň ösüşlerine, dünýäniň abadançylygyna gönükdirilen tagallalary, öňe sürýän taryhy başlangyçlary rowaçlyk tapýar. Bu babatda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň başlangyçlary bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy «2025-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly», «Merkezi Aziýa — parahatçylyk, ynanyşmak we hyzmatdaşlyk zolagy» atly Kararnamalaryň kabul edilendigini bellemek buýsançlydyr.
Bu gün dünýä jemgyýetçiligi, şol sanda BMG sebitiň parahatçylygyny gorap saklamakda hemişelik Bitarap döwletimize uly ynam bildirýär. 2007-nji ýylda merjen paýtagtymyzda açylan BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkezi döredilen wagtyndan bäri döwrüň derwaýys meselelerini çözmekde Milletler Bileleşiginiň ulgamyny Merkezi Aziýanyň ýurtlary bilen baglanyşdyrýar. Şeýle hem ýurdumyzyň başlangyjy boýunça BMG-niň binýadynda parahatçylygyň, howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň bähbidine Bitaraplygyň dostlary topary döredildi. Bu topar ählumumy hyzmatdaşlygyň dürli meseleleri boýunça netijeli pikir alyşmak üçin açyk meýdança öwrüldi.
Bir hakykat bar: dünýäde hiç bir döwletde ösüşi hem abadançylygy üpjün etmezden, üstünlik gazanmak mümkin däl. Gahryman Arkadagymyz «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» atly goşgusynda: «Adamzadyň arzuwy abatlyga telwasdyr!» diýip belleýär. Bu babatda Türkmenistan döwletimiz dünýä nusgalykdyr. Sebäbi biziň ýurdumyz — parahatçylygyň, gülläp ösüşiň, gözelligiň, tämizligiň ýurdudyr.
Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe biziň ýolumyz bagtyýarlygyň, berkararlygyň ýoludyr.
Şemşat GURBANGELDIÝEWA, Türkmenistanyň Baş prokuraturasynyň Baş müdirliginiň uly prokuror-metodisti.