28.07.2025
Eziz Watanymyzda jemgyýetde sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmäge, bedenterbiýe we sporty ösdürmäge, olimpiýa hereketini giňden ýaýbaňlandyrmaga uly üns gönükdirilýär. Sport, bedenterbiýe, sagdyn durmuş kadalary dünýä medeniýetiniň hem örän gymmatly baýlygy bolup, olar her bir döwletiň durmuş-ykdysady, medeni taýdan sazlaşykly ösmegini üpjün edýän esasy görkezijileriň hatarynda durýar. Döwlet Baştutanymyzyň halkara başlangyçlarynyň dünýä bileleşiginde goldanylmagynyň esasy wajyp tarapy hem onuň halkara hukugynyň ösüşine mynasyp goşant bolup durýandygyndadyr.BMG-niňBaşAssambleýasynyň 78-nji sessiýasynda Türkmenistanyň başlangyjy bilen «Birleşen Milletler Guramasynyň oýunlary» atlyKararnamanyň kabul edilmegi munuň aýdyň görkezijileriniň biridir. Adam hukuklarynyň halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalaryna laýyklykda, bu ulgamdaky ileri tutulmagyna gönükdirilen işler BMG-niň Durnukly ösüş maksatlary bilen utgaşykly sazlaşýar. Ýurdumyzyň bu ugurda edýän tagallalary bedenterbiýe we sport ulgamynda durmuşa geçirilýän netijeli işlerden aýdyň görünýär. Giňden ýaýbaňlandyrylan sport we sagdyn durmuşy wagyz edýän köpçülikleýin çärelerDurnukly ösüş maksatlarynyň esasylarynyň biri bolan saglyk, ruhubelentlik ýörelgelerine laýyklykda, jemgyýetde sagdyn durmuşyň berkarar edilmegine döwletimiziň işjeň gatnaşygyny tassyklaýar.
Bedenterbiýe we sport hakynda Türkmenistanyň kanunçylygy Türkmenistanyň Konstitusiýasyna esaslanýar. Esasy Kanunymyzyň 15-nji maddasynda döwletiň medeniýet, bilim, sport we syýahatçylyk babatda halkara hyzmatdaşlygynyň ösmegine ýardam edýändigi kesgitlenen. Konstitusiýanyň 56-njy maddasynda bolsa, döwletiň sportuň ösmegine ýardam edýändigi baradaky konstitusion kadalar berkidilen. Bu ýörelgelere esaslanyp, milli sport kanunçylygy yzygiderli kämilleşdirilýär. Bedenterbiýe we sport baradaky milli kanunçylygyň esasy wezipesi raýatlaryň durmuşynyň hilini gowulandyrmaga, sagdyn durmuş ýörelgesini kemala getirmäge, häzirki zaman durmuş şertlerine uýgunlaşmaga ukyply, fiziki we ruhy taýdan ösen nesli terbiýelemäge, halkara sport ýaryşlarynda üstünlikli çykyş etmegi başarýan türgenleri taýýarlamaga gönükdirilendir. Türkmenistanyňsport kanunçylygynda adamyňsporthukuklarynyňamala aşyrylmagy üçin zerur bolan hukuk kepillikleri bilen bilelikde, ýurdumyzda bedenterbiýäni we sporty ösdürmegiň ykdysady, guramaçylyk we hukuk esaslary kesgitlenýär. Şeýlelikde raýatlaryň bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmaga bolan hukugy milli kanunçylyk tarapyndan kepillendirilen.
Sportuň milli kanunçylyk namalarynyň halkara hukuk kadalary bilen sazlaşykly utgaşdyrylmagy halkara derejeli sport ýaryşlaryny geçirmäge giň mümkinçilikleri döredýär.
Parahatçylygyň we dostlugyň mekanyna öwrülen Türkmenistan döwletimizde sport ulgamyny ösdürmek, köpçülikleýin bedenterbiýäni, sagdyn durmuş ýörelgelerini yzygiderli wagyz etmek hem-de ýaşlary sport bilen meşgullanmaga giňden ugrukdyrmak, beden we ruhy taýdan kämil nesli kemala getirmek babatda alnyp barylýan uly möçberli işler döwlet Baştutanymyzyň taýsyz tagallalarynyň miwesidir, hoşniýetli halkara gatnaşyklaryny sport arkaly ösdürmegiň aýdyň mysalydyr.
Işanguly IŞANGULYÝEW, Ak bugdaý etrap prokuraturasynyň sülçüsi, 1-nji derejeli ýurist.