02.08.2025
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen daýhanlarymyzyň öndürijilikli zähmet çekmekleri, toprakdan bol hasyl öndürip, halal zähmeti bilen baýamaklary üçin giň mümkinçilikler döredilýär. Şeýle şertlerden peýdalanyp, ussat kärendeçileri miz, hususy önüm ön dürijileri miz, me hanizatorlarymyz, alymlarymyz, bugdaýy ösdürip ýetişdirmekde we ýitgisiz ýygnap almakda agzy bir hem-de yhlasly zähmet çekýärler. Welaýatlarymyzyň etraplaryndaky gallaçylyk hojalyklarynyň, hususy önüm öndürijileriň, öňdebaryjy gallaçy daýhanlaryň we ähli oba hojalyk işgärleriniň uly goşandy bilen ýurdumyzda azyk bolçulygyny üpjün etmek üçin gallanyň bol hasyly öndürilip ýetişdirilýär.
Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň 29-njy maýyn da sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde hormatly Prezidentimiz ýurdumyzda oba hojalyk pudagyny ösdürmäge uly üns berilýändigini, döwletimiz tarapyndan ýerden bol hasyl almak boýunça daýhanlarymyz üçin zerur şertleriň döredilýändigini belledi. Döwlet Baştutanymyzyň şu ýyl hem ýurdumyzyň welaýatlarynda gallanyň bol hasylynyň ösdürilip ýetişdirilendigini kanagatlanma bilen bellemegi, Ahal, Lebap we Mary welaýatlarynda şu ýylyň 4-nji iýunynda, Balkan we Daşoguz welaýatlarynda bolsa 11-nji iýun da galla oragyna başlamaga ak pata bermegi, hormatly ýaşululardan galla oragyna «Bismilla» bilen başlap bermeklerini haýyş edip, zähmetsöýer gallaçy daýhanlara, ähli oba hojalyk işgärlerine alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etmegi ýurdumyzyň her bir raýatynyň, ilkinji nobatda, döwletimiziň edermen gallaçylarynyň buýsanjyny goşalandyrdy.
Bilşimiz ýaly, hormatly Prezidentimiz şu ýylyň 8-nji maýynda ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny mundan beýläk-de pugtalandyrmak, halkymyzyň rysgaly we azyk garaşsyzlygymyzyň kepili bolan bugdaýyň öndürilýän möçberlerini yzygiderli artdyrmak, ösdürilip ýetişdirilen bugdaý hasylyny çalt hem-de ýitgisiz ýygnamak, ammarlara we elewatorlara bökdençsiz daşamak, däne öndürijiler bilen hasaplaşyklaryň wagtynda, ýokary derejede guralmagyny üpjün etmek maksady bilen, «Türkmenistanda galla oragyny guramaçylykly geçirmek hakynda» Karara gol çekdi. Karara laýyklykda, Türkmenistanda 2025-nji ýylda galla oragyny guramaçylykly geçirmek boýunça döwlet topary döredildi we onuň düzümi tassyklanyldy. «Türkmenobahyzmat» döwlet birleşigine ýerlerde däne kombaýnlaryna tehniki hyzmat etmek işlerini talabalaýyk guramak arkaly orak möwsüminde olaryň öndürijilikli we bökdençsiz işledilmegini üpjün etmek tabşyryldy.
Türkmenistanda däneli ekinleri öndürmek, taýýarlamak, gaýtadan işlemek, saklamak, ýerlemek, daşamak we peýdalanmak boýunça işiň hukuk esaslaryny belleýän «Däneçilik hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň hereket etmegi hem bu ugurda ýüze çykýan jemgyýetçilik gatnaşyklaryny düzgünleşdirmekde möhüm ähmiýete eýedir. Döwletimizde däneçiligi we däne önümleriniň gaýtadan işlenilmegini ösdürmek, däneçilik pudagyny kemala getirmek hem-de ösdürmek, ýerli däne öndürijiler üçin amatly hukuk, ykdysady we guramaçylyk şertlerini döretmek arkaly döwletiň sarp edijileriniň daşarky däne bazaryna garaşlylygyny azaltmak bu Kanunyň esasy maksadydyr. Şundan ugur alnyp, bu Kanunda däneçiligi döwlet tarapyndan goldamagyň görnüşleri kesgitlenilen we sortlaryň naýbaşy, saýlantgy tohumlaryny ösdürip ýetişdirmek de ýöriteleşdirilen tohumçylyk hojalyklaryna ýardam bermek, önümçilik harajatlary boýunça döwlet ýeňilliklerini bermek, ýeňillikli şertlerde karzlary bermek, salgyt ýeňilliklerini bermek, dänäni öndürmegiň we saklamagyň täze öňdebaryjy tehnologiýalaryny ornaşdyrmakda ýardam bermek, Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan beýleki ýeňillikleri bermek ýaly goldawyň görnüşleri görkezilen.
Ösüşleriň täze belentliklerine tarap ynamly öňe barýan ata Watanymyzyň oba hojalyk pudagyny düýpli özgertmek, dünýäniň öňdebaryjy döwletleriniň ýokary öndürijilikli oba hojalyk tehnikalaryny yzygiderli satyn almak, topragyň berekedini artdyrýan mineral dökünler bilen üpjün etmek hem-de ylmyň soňky gazananlaryny önümçilige giňden ornaşdyrmak arkaly ekinleriň bol hasylyny ösdürip ýetişdirmek boýunça giň möçberli işler alnyp barylýar. Döwletimizde bugdaýyň döwlet satyn alyş nyrhynyň ýokarlandyrylmagy, ýurdumyzda däneçilik pudagyny ylmy esasda ösdürmek üçin ýörite Ylmy-barlag institutynyň döredilmegi, bugdaýyň bol hasyl berýän tohumlarynyň ekilmeginiň ýola goýulmagy oba hojalyk önümçiliginiň, şol sanda onuň gallaçylyk pudagynyň yzygiderli ösdürilmegine, oba ilatynyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň has-da ýokarlanmagyna ýar dam edýär.
Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň ykdysady kuwwatyny pugtalandyrmak, azyk garaşsyzlygyny üpjün etmek, ilatymyzyň ýaşaýyş şertlerini has-da gowulandyrmak ugrunda taýsyz tagallalary edýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, tutumly işleri rowaç bolsun!
Muhammetmyrat ANNABERDIÝEW, Ýolöten etrabynyň prokurory, 1-nji derejeli ýurist