22.10.2025
Beýik Ýüpek Ýolunyň Döwrebap Keşbini Dikeltmekde Hazar Deňiziniň Ähmiýeti
Beýik Ýüpek ýolunyň döwrebap keşbini dikeltmekde Hazar deňziniň ähmiýeti örän uludyr.
Hazar deňzi sebitinde hyzmatdaşlygy ösdürmek Garaşsyz Türkmenistanyň daşary syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biridir.
Gahryman Arkadagymyzyň Hazar deňziniň mümkinçiliklerini sebit we dünýä halklarynyň bähbidine gönükdirmekdäki beýik işleri — parahatçylykly ösüşiň nusgalyk tejribesidir.
Gahryman Arkadagymyzyň Watanymyza bolan beýik söýgüsinden kemala gelen «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyhem-de Arkadag şäheriniň taryhy we häzirki zaman aýratynlyklary dünýä syýahatçylarynyň gyzyklanmasyny has-da artdyrýar.
Goja Hazaryň ajaýyp kenary häzirki wagtda ilatymyzyň we daşary ýurtly syýahatçylaryň hezil edip gezip göresiniň gelen ýerleriniň birine öwrüldi.
Bu ýerde täze binalar, desgalar, myhmanhanalar, kottej toplumlary, ýaht klublar, söwda merkezleri, dynç alyş we güýmenje nokatlary, seýil baglar, restoranlar, ulag, aragatnaşyk, lukmançylyk we söwda hyzmatlary barha köpelýär hem-de döwrebaplaşýar.
Alym Arkadagymyzyň beýik tagallalary bilen 2007-nji ýylyň dekabrynda durmuşa geçirilmegine badalga berlen «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda amala aşyrylan özgertmeler,
Ata Watanymyz Türkmenistanyň halkara hukuk kadalaryna berk eýerýändigini, olara hormat goýýandygyny, milli kanunçylygyny yzygiderli döwrebaplaşdyrýandygyny hem-de daşary ýurtly işewürleriň we syýahatçylaryň ygtybarly howpsuzlygyny üpjün edýän ýurtdugyny dünýä ykrar etdi.
Munuň özi ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplyk ýörelgelerine eýermegi bilen, sebitde parahatçylygy ösdürmek, deňeçer bähbitli ykdysady hyzmatdaşlygy ilerletmek ýaly halkara jemgyýetçiligindäki wajyp meseleleriň oňyn çözgüdlere eýe bolmagynyň täze tejribesine öwrüldi.
Sebäbi, Hazaryň aňyrsy-bärsi bilen sazlaşykly baglanyşykda ýerleşýän altynsow we gyzgyn çägeli deňiz kenary, jana ýakymly howasy bilen sazlaşykly utgaşýan ýerinde bina edilen ajaýyp şypahanalar, dynç alyş merkezleri, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyny iri halkara çäreleriň geçirilýän,
oňa gatnaşýanlaryň dynç alşyny we netijeli döredijiligini üpjün edýän ajaýyp mekana öwürdi.
Ajaýyp Awazada uly üstünliklere beslenip geçirilýän sebit we dünýä derejesindäki iri halkara çärelere gatnaşýan döwlet ýolbaşçylary, görnükli syýasatçylar we işewürler öz çykyşlarynda bu barada uly buýsanç bilen nygtaýarlar.
Şu günler goja Hazaryň türkmen kenarynda BMG-niň Deňiz çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň geçirilmegi bizi diýseň buýsandyrdy.
Halk bähbitli, umumadamzat ähmiýetli çözgütleriň kabul edilmegi bilen taryha ýazyljak bu maslahat —
«Awaza» milli syýahatçylyk zolagyndaky BMG-niň Deňiz çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahaty ählumumy bähbitlere gönükdirilenligi bilen aýratyn ähmiýetlidir.
Ýurdumyzda şeýle maslahatlaryň, forumlaryň geçirilmegine badalga beren Hormatly Prezidentimiziň, Gahryman Arkadagymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, işleri rowaç bolsun!
Şirin Hodjyýewa
Ahal welaýatynyň prokurorynyň hukuk üpjünçiligi boýunça uly kömekçisiniň wezipesini ýerine ýetiriji,
Ýustisiýanyň kiçi geňeşçisi.