15.01.2026
Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň mejlislerinde Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy hakynda birnäçe resminamalaryň kabul edilmegi, ýurdumyzyň halkara abraýyny belende göteren şöhratly wakalaryň ençemesiniň taryhyň sahypalaryna altyn harplar bilen ýazylmagyna getirdi.
1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 50-nji ýubileý mejlisinde «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy hakynda» Rezolýusiýa, 2015-nji ýylyň 3-nji iýunynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 69-njy mejlisinde «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýy hakynda» Rezolýusiýa, 2025-nji ýylyň 21-nji martynda bolsa BMG-niň Baş Assambleýasynyň 79-njy sessiýasynyň 61-nji plenar mejlisinde «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» atly Kararnama biragyzdan kabul edildi.
Şeýle hem 2017-nji ýylyň 2-nji fewralynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 71-nji mejlisinde 12-nji dekabry «Halkara Bitaraplyk güni» diýip yglan etmek hakynda Rezolýusiýanyň, 2020-nji ýylyň 7-nji dekabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 75-nji sessiýasynda «Halkara parahatçylygy, howpsuzlygy saklamakda we pugtalandyrmakda hem-de durnukly ösüş işinde bitaraplyk syýasatynyň orny» atly Kararnamanyň kabul edilmegi hemişelik Bitaraplygymyzyň halkara ykrarnamasydyr.
Häzirki döwürde türkmen Bitaraplygy ählumumy abadançylygyň we durnukly ösüşiň üpjün edilmeginde dünýä döwletleriniň arasynda dostluk köprüsi bolup hyzmat edýär.
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkara abraýyny belende göterýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak, döwletli işleri hemişe rowaç bolsun!
Orazjahan Orazlyýewa,
Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrabynyň prokurorynyň kömekçisi,
ýustisiýanyň kiçi geňeşçisi.