20.01.2026
Dost-doganlyk, agzybirlik, parahatçylyk, ynanyşmak, deňhukuklylyk — türkmen Bitaraplygynyň binýadyny emele getirýär. Hoşniýetli ýörelgelere daýanýan gatnaşyklar dünýäniň ähli halklary üçin bähbitlidir. Şu babatda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesine laýyklykda alyp barýan giň gerimli işleri sebitde hem-de dünýäde parahatçylygyň pugtalanmagynda, dost-doganlygyň dabaralanmagynda aýratyn ähmiýete eýedir.
Bitaraplyk dünýäniň abadançylygydyr, Zeminiň parahatçylygydyr, asmanyň asudalygydyr. Bitaraplyk dostluk daragtynyň saýasynda ýürekleriň birleşmegidir, maksatlaryň bitewüligidir, özara ynanyşmagyň dabaralanmasydyr. Türkmen Bitaraplygynyň binýadyny abadançylyk, durnukly ösüş, parahatçylyk, ynanyşmak ýaly asylly ýörelgeler emele getirýär.
Dünýä döwletleriniň arasynda hoşniýetli halkara hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmakda, halklaryň arasynda dost-doganlyk gatnaşyklaryny has-da kämilleşdirmekde Bitaraplygymyzyň gadyr-gymmaty we ähmiýeti örän uludyr.
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiziň dünýä ýüzündäki abraý-mertebesini belende göterýän Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza berk jan saglyk, uzak ömür, alyp barýan giň gerimli işlerinde uly rowaçlyklar arzuw edýäris.
Gurbangeldi Çopanow,
Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrabynyň prokurory,
1-nji derejeli ýurist.