ARKADAGLY GAHRYMAN SERDARYMYZYŇ TAGALLALARY BILEN

24.01.2026

    Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen Garaşsyz döwletimiziň dünýäde parahatçylygy we agzybirligi berkitmäge gönükdirilen asylly başlangyçlary giň goldawa eýe bolýar.

Aşgabat şäherinde döwlet Baştutanlarynyň hem-de halkara guramalaryň ýolbaşçylarynyň derejesinde Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly, Halkara Bitaraplyk güni hem-de Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli geçirilen halkara forumyň netijeleri boýunça kabul edilen Aşgabat Jarnamasynda:

«Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk syýasaty arkaly Parahatçylygyň kepili hökmünde dialogyň halkara ýyllarynyň, ynamy pugtalandyrmak çäreleriniň amaly nusgasy bolup hyzmat edýän 2023-nji ýylyň we Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyllarynyň çäklerinde ählumumy çäreleri başlap we durmuşa geçirip, halkara gatnaşyklarda gepleşige, parahatçylyga, ynanyşmaga esaslanýan yzygiderli çemeleşmäni öňe sürýän Türkmenistanyň öňbaşçylygyny ykrar edýäris»

diýlip beýan edilmegi hem munuň aýdyň mysallaryndandyr.

Dünýäniň abadançylygyna, halklaryň bagtly geljegine gönükdirilen Bitaraplyk syýasatyny dabaralandyrýan hormatly Prezidentimiziň hem-de Gahryman Arkadagymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun!

Baýatgül Potyýewa,
Balkan welaýatynyň prokurorynyň
hukuk üpjünçiligi boýunça uly kömekçisiniň
wezipesini ýerine ýetiriji,
1-nji derejeli ýurist.