DÖWRÜŇ AJAÝYP DESSANY

28.01.2026

    Täze kitap jemi dokuz bölümi özünde jemläp, türkmen Bitaraplygynyň parahatçylygy we durnukly ösüşi üpjün etmekdäki ähmiýetini giňişleýin düşündirýän gymmatly gollanmadyr. Hormatly Prezidentimiziň syýasy garaýyşlarynyň örän çuňdugyny hem-de öňdengörüjiligini görkezýän bu täze kitapda häzirki çylşyrymly ählumumy şertlerde adamzadyň abadançylygyny üpjün etmekde, möhüm meseleleri oňyn çözmekde, dünýäde ynanyşmagy we dost-doganlygy pugtalandyrmakda Bitaraplygyň netijeli gurallaryndan peýdalanmagyň ýollary hakynda gymmatly pikirler öňe sürülýär.

Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen oňyn Bitaraplyk syýasatymyzyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde Watanymyzyň gazanan halkara abraýy bu ugruň örän dürs we oýlanyşykly saýlanyp alnan ýoldugyny aýdyň görkezýär. Kitapdaky: «Oňuşmak, ýaraşmak, ylalaşykda ýaşamak ähli türkmeniň bir özi ýa milleti üçin däl, eýsem, dünýäniň ähli adamlary üçin edýän ýagşy dilegdogasynyň mazmunydyr» diýen altyna gaplaýmaly jümleler zamanamyzyň sesi bolup ýüreklere dolýar.

Eserde Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ýurt we halkara möçberde alyp barýan ynsanperwer işleri, BMG-niň ugurdaş düzümleri bilen medeni-ynsanperwer ulgamdaky hyzmatdaşlygy öz beýanyny tapýar. Ýeri gelende bellesek, gaznanyň işiniň binýady ynsanperwerlik, goldaw bermek we raýdaşlyk ýaly mizemez ýörelgelere esaslanýar. Şol bir wagtyň özünde, umumadamzat gymmatlyklary, parahatçylyk, rehimdarlyk we adalatlylyk taglymlary gaznanyň ileri tutýan ugurlary we esasy ýörelgeleridir.

Türkmenistanyň bilim edaralary döwrebap multimedia hem-de beýleki zerur enjamlar bilen doly üpjün edilýär. Gaznanyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewa gaznanyň tejribe alyşmaga we çagalaryň abadançylygy üçin islendik netijeli başlangyçlara açykdygyny nygtaýar. Şunuň bilen baglylykda, şu ýylyň 10-njy dekabrynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen «Häzirki zaman jemgyýetinde zenanlaryň orny: Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek ugrunda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek» atly halkara maslahatyny bellemek zerurdyr.

Goý, döwlet Baştutanymyzyň hem-de Gahryman Arkadagymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, işleri hemişe rowaç bolsun! Halkymyzyň saýlap alan parahatçylyk söýüjilikli syýasatynyň — hemişelik, oňyn Bitaraplyk ýolunyň dowamaty dowam bolsun!

Aýbölek Nursähedowa,
Türkmenistanyň Baş prokuraturasynyň
kämillik ýaşyna ýetmedikler we ýaşlar hakyndaky kanunlaryň
ýerine ýetirilişine gözegçilik bölüminiň prokurory,
ýustisiýanyň kiçi geňeşçisi.