08.03.2026
Ýurdumyzda raýatlaryň durmuş taýdan goraglylygyny, iş üpjünçiligini, ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da gowulandyrýan özgertmeler üstünlikli amala aşyrylýar. Durmuş özgertmelerini döwrüň talabyna laýyk getirmek maksady bilen, durmuş goraglylygyna degişli birnäçe kanunçylyk namalary kabul edildi. Hereket edýän kanunçylyk namalary bolsa döwrebaplaşdyryldy we kämilleşdirildi.
Raýatlaryň pensiýa, aýratyn toparlarynyň döwlet kömek pullary bilen üpjünçiliginiň, şeýle hem weteranlaryň we maýyplygy bolan adamlaryň durmuş taýdan goralmagynyň döwlet kepillikleri Türkmenistanyň Ilaty durmuş taýdan goramak hakyndaky kodeksinde öz beýanyny tapýar.
Kanunçylyk namalarynyň taslamalary Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiziň teklipleri esasynda, şeýle hem daşary ýurt tejribesi öwrenilip, Türkmenistanyň goşulan halkara konwensiýalarynyň düzgünleri göz öňünde tutulyp işlenilip düzülýär.
Şunlukda, Türkmenistanyň Ilaty durmuş taýdan goramak hakyndaky kodeksinden başga-da, raýatlaryň durmuş taýdan goraglylygyny üpjün edýän kanunçylyk namalarynyň hatarynda Türkmenistanyň Ýaşaýyş jaý kodeksini, Maşgala we Zähmet kodekslerini, «Döwlet pensiýa ätiýaçlandyrmasy hakynda», «Durmuş hyzmatlary hakynda», «Hossarlyk we howandarlyk hakynda», «Ilatyň iş bilen üpjünçiligi hakynda» Türkmenistanyň Kanunlaryny görkezmek bolýar.
Şu we beýleki kanunçylyk namalary bilen zähmete ukypsyzlara, maýyplara, çagaly maşgalalara we beýleki adamlara pensiýalaryň, döwlet kömek pullarynyň tölenilmegi hem-de durmuş ýeňillikleriniň berilmegi görnüşinde maddy üpjünçilik we durmuş hyzmatlary, iş we ýaşaýyş jaý üpjünçiligi amala aşyrylýar.
«Harby gullukçylaryň hukuk ýagdaýy hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň 5-nji maddasynda harby gullukçylaryň hukuk we durmuş taýdan goraglylygynyň kepillikleri kesgitlenilýär. Şeýle hem agzalan Kanunyň 16-njy maddasynda harby gullukçylaryň ýaşaýyş jaýyna bolan hukugy barada giňişleýin beýan edilip, döwletiň harby gullukçylara ýaşaýyş jaýlarynyň berilmegine kepil geçýändigi düzgünleşdirilýär.
«Harby borçlulyk we harby gulluk hakynda» Türkmenistanyň Kanunynda kämillik ýaşyna ýetmedik dört we şondan köp çagaly, ätiýaçlykda bolýan erkek raýatlaryň harby ýygnanyşyklardan boşadylmagy baradaky kada berkidilendir. Sekiz çagaly hem-de köp çagaly maşgalalara ilatyň iş bilen üpjünçiligi çygrynda-da döwlet kepillikleri berilýär.
Kanunçylyga görä ýetim, ata-enesiniň hossarlygyndan galan çagalara, köp çagaly maşgalalara, maýyplygy bolanlara, zähmete ukypsyzlara we beýlekilere zerur durmuş goragyny hem goldawyny amala aşyrmak maksady bilen haýyr-sahawat işleri geçirilýär.
Hemmämize mälim bolşy ýaly, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen döredilen Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy netijeli işleri alyp barýar. Gazna tarapyndan howandarlyga mätäç çagalara lukmançylyk edaralarynda zerur operasiýalary geçirmek üçin yzygiderli pul serişdeleri bölünip berilýär.
Bu Gahryman Arkadagymyzyň geljekki sagdyn nesil üçin hemmetaraplaýyn alada etmek baradaky asylly ýörelgesinden ugur alnyp, olaryň abadan hem-de bagtyýar durmuşyna gönükdirilen tagallalarynyň netijesi bolup durýar.
Durmuş goraglylygy çygrynda halkara guramalar bilen işjeň hyzmatdaşlyk alnyp barylýar. Hukuk ulgamynda kabul edilen «Durmuş hyzmatlary hakynda» Türkmenistanyň Kanuny munuň aýdyň subutnamasydyr.
Türkmenistanyň BMG-niň edaralary, şol sanda Çagalar gaznasy, Ösüş maksatnamasy, Ilat gaznasy bilen alyp barýan hyzmatdaşlygynyň esasynda hereket edýän kanunçylyk namalary kämilleşdirilip, täze kanunlar kabul edilýär. Olaryň hatarynda ýerli derejede ýokary hilli durmuş hyzmatlaryny girizmek arkaly durmuş goraglylygy ulgamyny kämilleşdirmek baradaky bilelikdäki maksatnamany görkezmek bolar.
Şularyň esasynda «Durmuş hyzmatlary hakynda» Türkmenistanyň Kanuny kabul edilip, häzirki wagtda üstünlikli durmuşa geçirilýär.
Goý, milli kanunçylygymyzy kämilleşdirmäge giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, tutýan belent maksatly işleri hemişe rowaç bolsun!
Döwletmyrat ABDYLLAÝEW, Akdepe etrabynyň prokurory, 1-nji derejeli ýurist.