16.03.2026
27-nji ýanwarda ýurdumyzda Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň döredilmeginiň 34 ýyllygy mynasybetli Watan goragçylarynyň güni dabaraly ýagdaýda bellenilip geçildi.
Häzirki wagtda Milli Liderimiz tarapyndan badalga berlen harby özgertmeler hormatly Prezidentimiz tarapyndan üstünlikli durmuşa geçirilýär. Diňe goranyş häsiýetine eýe bolan hem-de Bitarap Türkmenistanyň parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasatyna doly laýyk gelýän Harby doktrinamyzda kesgitlenen wezipeler üstünlikli durmuşa ornaşdyrylýar. Milli goşunymyzyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň kämilleşdirilmegine, harby okuw-türgenleşikleriniň yzygiderli geçirilmegine möhüm ähmiýet berilýär.
Häzirki wagtda döwletimiziň Garaşsyzlygyny, çäk bitewüligini, konstitusion gurluşyny goramakda, kanunylygy, hukuk tertibini üpjün etmekde iň wajyp wezipeleri ýerine ýetirýän Watan goragçylarynyň hem-de olaryň maşgala agzalarynyň hukuk-durmuş taýdan goraglylygy üpjün edilýär.
«Harby gullukçylaryň hukuk ýagdaýy hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň 5-nji maddasynda harby gullukçylaryň hukuk we durmuş taýdan goraglylygynyň kepillikleri kesgitlenilýär. Şeýle hem agzalan Kanunyň 16-njy maddasynda harby gullukçylaryň ýaşaýyş jaýyna bolan hukugy giňişleýin beýan edilip, döwletiň harby gullukçylara ýaşaýyş jaýlarynyň berilmegine kepil geçýändigi düzgünleşdirilýär.
Garaşsyzlyk ýyllarynda ýurdumyzyň kanunçylyk binýady has-da kämilleşdirildi. Ýurdumyzda kabul edilýän kadalaşdyryjy hukuk namalarynda ynsanperwer, demokratik gymmatlyklar öz beýanyny tapýar. Il-ýurt bähbitli kabul edilýän meýilnamalar we maksatnamalar tutuş türkmen halkynyň dünýä ýüzündäki abraý-mertebesiniň beýgelmegine gönükdirilendir.
Hukuk ulgamy bilen birlikde ähli ulgamlarda amala aşyrylýan işler «Döwlet adam üçindir!» diýen ajaýyp taglymata esaslanýar. Munuň şeýledigini «Harby gullukçylaryň hukuk ýagdaýy hakynda», «Harby borçlulyk we harby gulluk hakynda», «Prokuratura hakynda», «Kazyýet hakynda» Türkmenistanyň Kanunlarynda, şeýle hem beýleki kanunçylyk namalarynda hem görmek bolýar.
Häzirki wagtda dünýä ylmyndan, innowasion harby-tehniki gurluşlardan baş çykarýan harby hünärmenleriň taýýarlanylmagy döwrümiziň derwaýys meseleleriniň biri bolup durýar. Şoňa görä, harby bilim ojaklary ylym-tehnikanyň soňky gazananlary, kompýuter tilsimatlary, innowasion gurluşlar bilen üpjün edilýär.
Harby gullukçylar üçin ähli amatlyklary döredilen, okuw-türgenleşik, sport meýdançalary, saglyk, medeni, gulluk we durmuş maksatly desgalary bolan harby şäherçeler gurlup, ulanylmaga berildi. 24-nji ýanwarda hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda açylan Lebap welaýatynda Ýaragly Güýçleriniň harby bölümleriniň täze binalar we desgalar toplumy kalbymyzda çäksiz guwanç we buýsanç duýgularyny döredýär.
Ata Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda taýsyz tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak, il-ýurt, umumadamzat bähbitli işleri hemişe rowaç bolsun!
Rüstem DAŇATAROW, Ruhubelent etrabynyň prokurory, ýustisiýanyň kiçi geňeşçisi