29.03.2026
Hemmämize mälim bolşy ýaly, 11-nji fewralda paýtagtymyzdaky 45 müň orunlyk Olimpiýa stadiony Aziýanyň Futbol konfederasiýasynyň II Çempionlar ligasynyň 1/8 finalynyň çäginde taryhy duşuşygy — Türkmenistanyň «Arkadag» we Saud Arabystanynyň «Al-Nassr» toparlarynyň bäsleşigini kabul etdi.
Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň jaýdar belleýşi ýaly: «Sport sagdyn ýaşaýşyň, döwrebap dünýägaraýşyň kemala gelmeginiň esasyny özünde jemleýär. Sporta söýgi agzybirlige, dostluga söýgüdir. Sport halkara giňişliginde ygtybarly gatnaşyklary berkitmegiň daýanjydyr».
Hakykatdan hem, bu duşuşyk iki döwletiň arasyndaky ýürekdeşligi we birek-birege bolan belent sarpany dabaralandyrdy. Diňe bir iki döwletiň däl, göni ýaýlym arkaly dünýäniň 170-e golaý ýurdundaky futbol janköýerleriniň dykgatyna ýetirilen bu oýun Aziýanyň iň güýçli toparlarynyň biri bolan Saud Arabystanynyň «Al-Nassr» topary bilen bäsleşmek üçin ak şäherimizde ak lybasda meýdana çykan «Arkadag» toparynyň halkara abraýyny hem güýçlendirdi.
13 döwletden gelen onlarça žurnalistleriň we 40-a golaý media kompaniýalarynyň üns merkezinde bolan bu çäre Aşgabadyň dünýä derejeli sport merkezidigini ýene bir gezek tassyklady.
Bu taryhy gün halkymyzyň sporta bolan sarsmaz söýgüsini we milli buýsanjyny dünýä ýüzüne ýaýdy. Sporty dostluk ýoluna öwürmek bilen türkmen futbolçylarynyň mertebesiniň halkara derejede dabaralanmagyna giň ýol açan Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun!
Orazgeldi Amangeldiýew, Bereket etrabynyň prokurorynyň kömekçisi,
3-nji derejeli ýurist.