WATAN MERTEBÄMIZ

08.04.2026

  Şu günler ildeşlerimiz «Arkadag» futbol toparynyň AFK-nyň II Çempionlar ligasynyň 1/8 finalynda Saud Arabystany Patyşalygynyň «Al-Nassr» topary bilen geçiriljek duşuşygyna uly tolgunma bilen garaşýarlar. «Arkadag» futbol toparynyň halkara ýaryşlardaky ýeňişleri sportly mekanymyzyň mertebesine täze öwüşgin çaýýar.

Türkmenistanyň Milli Ýaragly Güýçleriniň düzümindäki her bir ulgamyň halkymyzyň parahat Watanyň goýnunda erkin ýaşamagy, işlemegi we bagtyýar döwran sürmegi babatynda öz ýerine ýetirýän wezipe-borçlary bar.

Türkmenistanyň prokuratura edaralarynyň ygtyýarlyklary we wezipeleri ýurdumyzyň Konstitusiýasyndan gözbaş alýar. Esasy Kanunymyzyň VI bölümi «Prokuratura» diýlip atlandyrylyp, degişli maddalarda prokuror gözegçiliginiň esasy ugurlary kesgitlenilýär. Ýagny, Türkmenistanyň Konstitusiýasyna laýyklykda Türkmenistanyň Kanunlarynyň, Türkmenistanyň Prezidentiniň, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň namalarynyň, Türkmenistanyň Mejlisiniň kararlarynyň takyk we birmeňzeş berjaý edilişine gözegçilik etmek wezipesi Türkmenistanyň Baş prokuroryna hem-de oňa tabyn prokurorlara ýüklenýär.

Prokuratura edaralarynyň işiniň guramaçylyk-hukuk esaslaryny kesgitleýän «Türkmenistanyň prokuraturasy hakynda» Türkmenistanyň Kanuny esasy hukuk namalarynyň biridir.

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimizi gülläp ösdürmek, mähriban halkymyzy abadan we bagtyýar durmuşda ýaşatmak baradaky beýik tagallalaryndan ugur alnyp, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda her bir raýata ýaşamak, işlemek, döretmek üçin giň mümkinçilikler döredilýär.

Döwletimiziň halkara abraýyny has-da belende götermäge gönükdirilen başlangyçlary öňe sürýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sagbolsun aýdýarys.

Merdan ALLABERDIÝEW, Aşgabat şäheriniň Köpetdag etrabynyň prokurorynyň kömekçisi, ýustisiýanyň kiçi geňeşçisi