17.04.2026
Ata-babalarymyzdan dowam edip gelýän sahawatlylyk ýörelgelerini täze belentliklere çykarýan Gahryman Arkadagymyzyň çuň paýhasly başlangyçlary bilen 2021-nji ýylyň 29-njy martynda döredilen Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň hasabyna ýurdumyzyň dürli sebitlerinde ençeme çagalar doly bejergi alyp, sagdyn durmuşa gaýdyp gelýär. Bu bolsa munuň aýdyň mysalydyr.
Ulus-ilimiziň buýsanç bilen gaýtalaýşy ýaly, Arkadagly Gahryman Serdarymyz adamyň kanuny bähbitlerini goramak we üpjün etmek boýunça hukuk kepilliklerini döretmekde, aýratyn hemaýata we goldawa mätäç çagalary durmuşa uýgunlaşdyrmaga hem-de taýýarlamaga gönükdirilen guramaçylyk, kanunçylyk-hukuk, ykdysady çäreleriň toplumyny durmuşa geçirmekde ata-babalarymyzyň asylly ýörelgelerini has-da baýlaşdyrýar.
Şunda adam hukuklary boýunça halkara konwensiýalarynyň we jarnamalarynyň ynsanperwerlik, sahawatlylyk, hoşamaý garaýyşlar baradaky ýörelgeleriniň çuňňur many-mazmuny siňen «Çaganyň hukuklarynyň döwlet kepillikleri hakynda», «Ýaşlaryň zähmet çekmäge bolan hukugynyň kepillendirilmegi hakynda», «Ene süýdi bilen iýmitlendirmegi wagyz etmek we goldamak hakynda», «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda», «Bedenterbiýe we sport hakynda», «Bilim hakynda» Türkmenistanyň Kanunlary, Türkmenistanyň Zähmet kodeksi, Türkmenistanyň Maşgala kodeksi, Türkmenistanyň Ilaty durmuş taýdan goramak hakynda kodeksi hem-de beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalar çagalaryň sagdyn we erkin durmuşda bagtyýar ulalmaklary üçin geçirilýän işleriň hukuk binýady bolup hyzmat edýär.
Şeýle kanunçylyk namalarda bellenen kadalaryň işjeň amala aşyrylmagy bolsa «Türkmenistanda çagalaryň hukuklaryny durmuşa geçirmek boýunça 2023—2028-nji ýyllar üçin Hereketleriň milli meýilnamasynda» göz öňünde tutulan çäreleriň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň hem aýdyň beýanydyr.
Türkmen halky öz durmuşynyň bezegi, ertirki bagtly geljeginiň kepili hasaplaýan çagalaryna, olaryň bilim-terbiýesine, beden saglygyna aýratyn üns berýän halklaryň biridir. Munuň şeýledigini «Çagaly öý — bazar», «Çaga eziz, edebi ondanam eziz» ýaly onlarça nakyllar we atalar sözleri hem aýdyňlygy bilen tassyklaýar. Bir söz bilen aýdanyňda, çaga ynsanyň belent başynyň täjidir.
Türkmen halkyna asuda, abadan durmuşy döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň, Hormatly Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak bolsun!
Baýatgül Potiýewa, Balkan welaýatynyň prokurorynyň hukuk üpjünçiligi boýunça uly kömekçisiniň wezipesini ýerine ýetiriji, 1-nji derejeli ýurist.