KÄBÄ DEŇÄP, EZIZLÄNIM

24.04.2026

  Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň «Enä tagzym — mukaddeslige tagzym» atly ajaýyp kitabynda:

«Zenanlar biziň eziz Diýarymyzyň buýsanjydyr. Her bir ata-enäniň öz perzendine guwanyp, bagtyýar ýaşamagy bolsa, il-halkyň ykbaly baradaky aladalaryň esasyny düzýär. Eneler perzentlerine durmuşda ak ýol arzuw edýärler. Çünki durmuşyň iň süýji ýatlamalary şol arzuwlar bilen nurludyr» diýip bellenilýär.

Adamyň durmuşda ilkinji duýýan zady enäniň ýyly mähri. Ene mähri siňip ulalan adam, ýaşynyň näçedigine garamazdan, nirede bolsa-da şol mähribanlygy küýseýär. Öz perzentlerine, daş-töweregine mähir paýlaýan enäniň mähriniň tükeniksizdigine adamzat haýran galýar. Enäniň ynamy, söýgüsi, ak patasynyň her bir sözi keremdir.

Ata Watanymyzyň bagtyýar geljegini kepillendirýän ýaş nesli ösdürip ýetişdirmekde yhlasyny gaýgyrmaýan, mukaddes käbä deňelýän mähriban enelerimiziň, güler ýüzli zenanlarymyzyň gujur-gaýratyna uly hormat goýulýar.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň «Enä tagzym — mukaddeslige tagzym» atly kitabynda şeýle hem bellenilýär:

«Mertler Watany beýgeldýär, Watan hem öz ogullaryny beýgeldýär. Şol beýikligi bolsa ilki bilen mähribanlyk döredýär. Mähribanlyk bilen ynsana dünýäni söýmek duýgusy ornaýar. Ol duýgy eneden gaýdýar. Ene iň gowy gylyk-häsiýetleriň, şeýle hem söýgä gurşalan duýgularyň, mähribanlygyň ýaradylyşa serpaýydyr. Bular bitewülikdir. “Ene” diýmegiň özi ähli gowy zatlary aňladýandyr. Şonda diňe “söýgi” diýen düşünje bärden gaýdýar. Ene biziň üçin ähli gowy zatlaryň, ynsanlyga mahsus asylly ýörelgeleriň jemini aňladýar. Şonuň üçinem ene iň mähriban we mukaddes ynsandyr. Eneler biziň üçin ähli baýlyklaryň seresidir. Olar ýanymyzdaka dünýämiz doludyr».

Pähim-paýhasa ýugrulan bu sözler ene mertebesini juda belende göterip, Milli Liderimiziň enelere bolan sarpasynyň beýikdiginiň güwäsi bolup dabaralanýar.

Gahryman Arkadagymyzyň kitapdaky paýhasly pikirleri bilen tanşyp, enäniň öňündäki borjumyzyň uludygyna ýene bir gezek anyk göz ýetirýäris.

Türkmen eneleriniň öz çagalaryny watansöýüji, zähmetsöýer, ruhubelent adamlar edip ýetişdirmekde edýän çäksiz aladalary, söýgüsi, milli däplere we maşgala ojagyna wepalylyk ýaly gymmatly ynsan häsiýetlerini terbiýelemekdäki orny nusgalykdyr.

Türkmen halkynyň halk ýazyjysy, şahyr Mämmet Seýidowyň döredijiliginde:

Öňüňde baş egýän, eý, beýik alym,
Beýik alym, bar saňa bir sowalym:
Ýeriň çekiş güýji, enäniň mähri —
Haýsy güýçlüdir, etmezmiň mälim?

diýlip, ene mähriniň çäksizdigi şeýle setirler bilen düşündirilýär.

Mundan başga-da, söýgüli şahyrymyz Gara Seýitliýewiň «Ene ýüregi» atly goşgusynda hem enäniň waspy belentden ýetirilýär:

Enäniň ýüregi derýa dek giňdir,
Enäniň ýüregine bir dünýä sygar.
Enäniň söýgüsi deňizden çuňdur,
Ene mährin salsa, gije Gün dogar.

Dogrusy, enäniň çäksiz söýgisi, mähri, aladasy, yhlasy, ukusyz geçiren gijeleri hakynda ýazman geçen şahyr ýokdur. Ýer ýüzünde “men şahyr” diýýän bir ynsan bar bolsa, ol hökman özüni dünýä inderen mähriban ynsanyň muhabbeti dogrusynda ýazyp geçendir.

Dünýä ömür berýän eneler öz çagalarynyň aňynda ynsanperwer maksatlary, belent ruhy-ahlak ýörelgelerine ygrarlylygy kemala getirip, ogullaryny we gyzlaryny şöhratly ata-babalarymyzyň baý durmuş tejribesinde terbiýeläp gelýär.

Taryhy kökleri alyslardan gözbaş alyp gaýdýan türkmen halky kuwwatly, dörediji we şöhratly halkdyr. Nesilbaşymyz Oguz handan başlap, milletimiz irki döwürlerden bäri kuwwatly döwletleri döretmek, dünýä ösüşine goşant goşmak we kämil şahsyýetleri kemala getirmek arkaly, bütin adamzada nusgalyk işleri bitirdi.

Eziz eneler, biz ýaşlar siziň halallyga, watançylyga, merdi-merdanalyga, zähmetsöýerlige ýugrulan öwüt-nesihatlaryňyzy pugta berjaý edip, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan Watanymyza, hormatly Prezidentimize wepaly bolup, ak ýürekden halal zähmet çekjekdigimize ynandyrýarys.

Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe, asmanymyzyň asudalygynda, Zeminimiziň läle-reýhanlygynda bize diňe öwrenmek, gurmak, döretmek, halal ýaşamak galýar.

Goý, halkymyzyň bagtyýar durmuşda ýaşamagy ugrunda taýsyz tagallalar edýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, tutumly işleri rowaç bolsun!

Aýbölek Nursähedowa, Türkmenistanyň Baş prokuraturasynyň
Baş derňew müdirliginiň prokurory, ýustisiýanyň kiçi geňeşçisi