ZENAN ZEMINIŇ GÖRKI

27.04.2026

  Ýurdumyzda zenan mertebesiniň belent tutulmagy, her ýyl Halkara zenanlar güni mynasybetli gelin-gyzlara hormatly Prezidentimiziň adyndan pul sowgatlarynyň gowşurylmagy, ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda göreldeli zähmet çekmekde aýratyn tapawutlanýan, nesil terbiýesinde işjeňlik görkezýän zenanlaryň «Zenan kalby» ordeni bilen sylaglanylmagy, sekiz we şondan köp çagany dünýä inderen we mynasyp terbiýelän enelere Türkmenistanyň «Ene mähri» diýen hormatly adynyň dakylmagy — enelerimize, gelin-gyzlarymyza goýulýan belent sarpadan nyşandyr.

Bagtyýar zenanlarymyz türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň käbesi Ogulabat ejäniň durmuş ýoluny özlerine ýol-ýörelge edinip, hakyky türkmen zenanyna mahsus häsiýetleri nesilden-nesle geçirýärler. Ogulabat ejäniň keşde çekmek, alaja örmek, nesilleri watançy, ilhalar ogul-gyzlar edip ýetişdirmek ugrundaky nusgalyk işleri durmuşymyzda ýol-ýörelge bolup hyzmat edýär. Gahryman Arkadagymyzyň «Enä tagzym — mukaddeslige tagzym» atly kitaby bolsa ähli zenanlarymyz üçin baş gollanmadyr.

2022-nji ýylyň 1-nji dekabrynda ÝUNESKO-nyň Maddy däl medeni mirasy goramak boýunça komitetiniň Marokko Patyşalygynyň Rabat şäherinde geçirilen 17-nji mejlisinde Türkmenistanyň «Türkmen keşdeçilik sungaty» atly hödürnamasyny bu gurama tarapyndan Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizmek baradaky çözgüdiň biragyzdan kabul edilmegi Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň gelin-gyzlarymyzyň on barmagynyň hünäri bolan nepis el işleriniň şöhratyny jahana ýaýmakda durmuşa geçirýän beýik işlerini dabaralandyrdy.

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda ýurdumyzda zenanlaryň hukuklarynyň durmuşa geçirilmegi we deňhukuklylygy üpjün etmek boýunça amatly şertler döredilýär. Gender syýasaty jemgyýetçilik durmuşynyň ähli ugurlaryna zenanlaryň deňhukukly gatnaşmagyny kepillendirýär. Konstitusion ýörelgelere esaslanyp, şeýle hem Durnukly ösüşiň maksatlaryndan ugur alnyp, Türkmenistanda gender ugurly işjeň milli syýasat durmuşa geçirilýär. Häzirki wagtda zenanlar hakynda alada, olaryň durmuş derejesini mundan beýläk-de ýokarlandyrmak, ýurdumyzyň Konstitusiýasyna we umumy ykrar edilen kadalara laýyklykda gender deňligini üpjün etmek Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe gender deňligini dabaralandyrýan, zenanlaryň bagtyýarlygyna gönükdirilen döwrebap özgertmeleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli alyp barýan beýik işleri rowaç bolsun!

Şirin Hojyýewa,
Ahal welaýatynyň prokurorynyň hukuk üpjünçiligi boýunça uly kömekçisiniň wezipesini ýerine ýetiriji,
ýustisiýanyň kiçi geňeşçisi.