BEÝIK ÖSÜŞLER

04.05.2026

  Ýurdumyzda atçylygy we atçylyk sportuny ösdürmegiň hukuk, ykdysady we guramaçylyk esaslaryny döwrebaplaşdyrmak maksady bilen, ägirt uly işler amala aşyrylýar.

Arassa ganly tohum atlaryň genofonduny gorap saklamaga gönükdirilen «Atçylyk we atçylyk sporty hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň kabul edilmegi bu ugurdaky gatnaşyklary düzgünleşdirmekde taryhy ädim boldy. Bu Kanun tohumçylyk işini kämilleşdirmek, milli tohum atlaryny gorap saklamak we köpeltmek üçin hukuk kepilliklerini döretdi.

Arkadag şäherinde bina edilen Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasy, Atçylyk ylmy-önümçilik merkezi hem-de Görogly adyndaky döwlet atçylyk sirki bu pudagy ylmy esasda ösdürmekdäki nusgalyk işleriň buýsançly dabaralanmasydyr.

Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynda «Ahalteke atlary — parahatçylygyň ilçileri» atly ÝUNESKO klubunyň döredilmegi bolsa türkmen halkynyň medeni-ruhy bitewüligini dabaralandyrýar. Mundan başga-da, Ahalteke atçylyk sungaty we atlary bezemek däpleriniň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi halkymyzyň milli gymmatlyklarynyň dünýä derejesindäki ähmiýetini has-da berkitdi.

Şu ýylyň 16 — 25-nji ýanwary aralygynda Monako Knýazlygynyň Monte-Karlo şäherinde geçirilen 48-nji halkara sirk sungaty festiwalynda «Galkynyş» toparyna sirk sungatyna goşan ganatlandyryjy goşandy üçin Bütindünýä sirk federasiýasy we Ýewropa Sirk assosiasiýasy tarapyndan halkara şahadatnamalarynyň gowşurylmagy halkymyzyň buýsanjyny artdyrdy.

Bu üstünlikler eziz Diýarymyzda sirk sungatyna we atşynaslyga döwlet derejesinde uly üns berilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr. Bedewlerimiz diňe bir sirkde däl, eýsem, Olimpiýa sportunyň görnüşi bolan konkurda-da ýokary netijeleri görkezmäge hem ukyplydyrlar.

Ýer ýüzünde behişdi bedewlerimiziň şan-şöhratyny belende göterýän, milli mirasymyzy gorap saklaýan we ony geljekki nesillere ýetirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň we Gahryman Arkadagymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun!

Batyr Hydyrow, Mary welaýatynyň Mary etrabynyň prokurory,
2-nji derejeli ýurist