BEDEWLER — GADYMY TOPRAGYMYZYŇ GUDRATY

23.05.2026

Synmaz ynam, uly umyt, bedew batly ösüşler bilen 2026-njy «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda ýurdumyzda döwlet Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy dabaraly belleniler.

Türkmeniň taryhy ýoly bedewler bilen berk bagly bolan soň, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallasy bilen ahalteke bedewleriniň şan-şöhraty dünýä ýaýylýar.

Bedew ýyndamlygy, maksada okgunlylygy alamatlandyrýar. Hormatly Prezidentimiz: «Türkmen bedewleri gadymy topragymyzyň gudratydyr, öý-ojagymyzyň ýaraşygydyr, bahasyna ýetip bolmajak milli baýlygymyzdyr» diýip, atlaryň gadyr-gymmatyny täsirli beýan edýär. Atyny dosty deýin ýeg gören ata-babalarymyz «At — myrat», «Irden tur-da, ataňy gör, ataňdan soň — atyňy», «Aty baryň — ganaty bar» ýaly asyrlarboýy halkyň durmuş pelsepesiniň esasynda durup gelen jümleleri döredipdirler.

Bu günki gün şol düşünjeler Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen mynasyp dowam etdirilýär.

Gahryman Arkadagymyz «Ahalteke bedewi — biziň buýsanjymyz we şöhratymyz», «Gadamy batly bedew», «Atda wepa-da bar, sapa-da» atly ajaýyp kitaplary döretmek bilen, halkymyzyň baý taryhy mirasyny dünýä ýaýdy. Milli atşynaslarymyzyň ruhy şamçyragyna öwrülen bu eserlerde beýan edilişi ýaly, at ýigidiň myradydyr, guwanjydyr, buýsanjydyr. Myrada ýetmegiň özeninde bedewleriň üstünlik, şowlulyk, rysgal-bereket getirýändigi baradaky düşünjeler durýar. Hut şonuň üçin hem türkmeni bedewsiz göz öňüne getirmek mümkin däldir. Akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragy «At gazanar goç ýigidiň // Owal bedew aty gerek» diýip, ony mertligiň, gujur-gaýratyň nyşany, maksat-myradyňa ýetirýän gymmatlyk hasaplaýar.

Ýeri gelende bellesek, halkymyzy meşhur eden gamyşgulak bedewleri atşynaslaryň köp asyrlaryň dowamyndaky irginsiz zähmetiniň miwesidir. Türkmenleriň seýisçilik sungaty atyň ilkinji eldekileşdirilen we peýdalanylyp başlan döwründen gözbaş alyp, köp asyrlaryň dowamynda sünnälenip, kämillige ýetirilipdir. Bu sungat döwrüň talabyna we zerurlygyna görä, harby hem sport häsiýetli bolupdyr. Harby söweşler üçin seýislenen atlar türkmen halkynyň Watan goramakda üstünlikli tarapydyr. Muny dürli döwürlerde Türkmenistana gelen syýahatçylar hem belläpdirler. XIX asyr iňlis syýahatçysy J. Frezer: «Olaryň at seýisleýiş tärleri çapuw atlaryny däl-de, bizde söweşijileriň ýa-da daga dyrmaşyjylaryň türgenleşdirilişine meňzeş» diýip belleýär. Dogrudan-da, türkmenler at seýislänlerinde, ownuk zatlary hem ünsden düşürmän, bu işi gaty berk tertip-düzgün esasynda dowamly alyp barypdyrlar. Parahatçylykly günlerde-de harby taýdan seýislenen atlary dürli at üstündäki oýunlar arkaly söweşe türgenleşdiripdirler we özara bäsleşipdirler. Soňra türkmen atlary toý-baýramlarda at çapyşyklaryny geçirmek üçin seýislenipdir. Türkmen halky şeýle ajaýyp, taýsyz bedewleri seýisläp, atçylygy sungatyň iň ýokary basgançaklaryna ýetirendigine buýsanmaga haklydyr.

Döwran GAÝYPOW,
Daşoguz welaýatynyň Garaşsyzlyk etrap prokurorynyň uly kömekçisi,
ýustisiýanyň geňeşçisi.