GAÝRATLY NESILLER

08.06.2026

Türkmenistanyň ýaşlar baradaky döwlet syýasaty ýaş raýatlaryň hukuklaryny, azatlyklaryny, döwlet kepilliklerini üpjün etmäge we olary goldamaga, şeýle hem ýaşlaryň jemgyýetde özlerini doly ykrar etmeklerine gönükdirilen durmuş-ykdysady hem-de hukuk çäreleriniň ulgamy bolup durýar.

Ýaşlaryň goldanylmagy, olaryň döwletiň jemgyýetçilik-syýasy we ykdysady-medeni durmuşyna işjeň gatnaşmagy, hukuklarynyň we azatlyklarynyň kepillendirilmegi Türkmenistanyň birnäçe hukuk namalarynda we döwlet maksatnamalarynda giň beýanyny tapýar. Ýaşlar barada döwlet syýasatynyň maksatlary ýaş raýatlaryň konstitusion hukuklaryny we azatlyklaryny üpjün etmekden, şahsyýetiň, jemgyýetiň we döwletiň bähbitlerinde ýaşlaryň kuwwatyny ösdürmek we durmuşa geçirmek üçin hukuk hem-de durmuş kepilliklerini döretmekden ybarat bolup durýar. Ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň esasy ýörelgeleriniň we maksatlarynyň, öňde goýýan wezipeleriniň we anyk ugurlarynyň netijeli durmuşa geçirilmegi türkmen ýaşlarynyň bagtyýar geljegini nazarlaýan giň mümkinçilikleriň döredilmegini şertlendirýär.

Gahryman Arkadagymyzyň «Älem içre at gezer» atly romany biziň her birimiz üçin, şol sanda ýaş neslimiz üçin ýakyn gollanmadyr. Bu taryhy roman ilhalar ynsanyň nesillere nusgalyk, manyly ömür ýoluna bagyşlanylyp ýazylan eserdir. Eseriň ösüp gelýän ýaş nesli belent watansöýüjilik ruhunda terbiýelemekde ähmiýeti örän uludyr. Döwlet goldawyna daýanýan ýaş raýatlar berkarar Watanymyzyň döwletlilik binýadynyň mundan beýläk hem berkemegine önjeýli goşant goşýarlar.

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda bilim ulgamy uly ösüşlere eýe bolýar. Ýaş türkmenistanlylaryň dünýä derejesinde bilim almaklaryny üpjün etmek häzirki zamanyň talaplaryna laýyklykda ösýän bilim ulgamynyň infrastrukturasyna, şeýle hem bu ulgamy düzgünleşdirýän döwrebap kanunçylyk binýadyna baglydyr.

Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen, ýurdumyzda bilim ulgamynyň dünýä derejesine laýyk bolmagyny gazanmak, täze innowasion tehnologiýalary giňden ornaşdyrmak boýunça netijeli işler durmuşa geçirilýär. Ýaşlaryň sagdyn ösmegi, çuňňur bilim-terbiýe almagy üçin döwrebap çagalar baglary, orta, orta hünär we ýokary okuw mekdepleri, dynç alyş-sagaldyş merkezleri gurulýar. Döwletimizde okatmagyň öňdebaryjy usullaryny özünde jemleýän täze ugurly ýokary okuw mekdeplerinde kämil hünärler okadylyp, ökde hünärmenler taýýarlanylýar. Ýurdumyzda her ýylyň 1-nji sentýabrynda Bilimler we talyp ýaşlar güni uly dabara bilen bellenilýär. «Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň konsepsiýasynyň» tassyklanylmagy dünýäniň sanly tehnologiýalar babatda öňdebaryjy gazananlarynyň esasynda döwletimiziň bilim ulgamynyň döwrebaplaşdyrylmagyny, her bir raýatyň ösen tehnologiýalardan baş çykaryp bilmegini gazanmak maksadyndan ugur alýar.

Raýatlaryň hukuklarynyň we azatlyklarynyň üpjün edilmegi, kepillendirilmegi meselesinde milli kanunçylygymyz halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalaryna laýyklykda yzygiderli kämilleşdirilýär. Bu kämilleşdiriş işleriniň bilim ulgamyny düzgünleşdirýän kanunçylyk namalaryny hem gurşap alýandygyny bellemek zerurdyr.

Ilkinji nobatda, Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 55-nji maddasynda her bir adamyň bilim almaga bolan hukugynyň kepillendirilmegi bilen birlikde, döwletiň her bir adam üçin öz ukyplaryna laýyklykda hünär biliminiň elýeterliligini üpjün edýändigi kesgitlenilýär. Bu konstitusion kada döwletimiziň her bir türkmenistanlynyň bilim almagy üçin zerur bolan şertleri döretjekdigi babatynda öz üstüne borçnamalary alýandygyny aňladýar. Döwletimiziň şu borçnamalary Türkmenistanyň gatnaşyjysy bolan Birleşen Milletler Guramasynyň adam hukuklary babatyndaky esas goýujy konwensiýalarynyň kadalary bilen sazlaşýar.

Hormatly Prezidentimiz: «Ýaşlar hakyndaky alada döwletimiziň alyp barýan syýasatynyň möhüm ähmiýetli ugurlarynyň biridir» diýip belleýär. Bu parasatly sözler ýurdumyzda ýaşlar babatynda edilýän aladalaryň many-mazmunyny özünde jemleýär.

Türkmenistanyň Mejlisinde kabul edilen «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanuny hem ýurdumyzda ýaşlar barada döwlet syýasatyny durmuşa geçirmegiň hukuk esaslaryny, maksatlaryny, wezipelerini, ýörelgelerini, esasy ugurlaryny, çärelerini we tärlerini kesgitleýär.

Watanymyzyň geljegi bolan ýaş nesliň döwrebap bilim-terbiýe almagy barada taýsyz tagallalary edýän, Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmäge, ruhy gymmatlyklarymyzy dikeltmäge, milli medeniýetimizi we sungatymyzy dünýä ýaýmaga mümkinçilik döredip berýän hormatly Prezidentimiziň janynyň sag, belent başynyň aman bolmagyny, il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli alyp barýan işleriniň elmydama rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýürekden arzuw edýäris.

Şemşat Gurbanmyradowa,
Türkmenistanyň Baş prokuraturasynyň Baş müdirliginiň işgärler bölüminiň hünäri ýokarlandyryş bölümçesiniň uly prokuror-metodisti,
2-nji derejeli ýurist.