BEDEWLER BUÝSANJYMYZDYR

11.06.2026

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda milli we dünýä medeniýetiniň gudraty hasaplanýan türkmen bedewleriniň halkara derejedäki at-abraýy barha belende galýar.

Aşgabatda ýerleşýän Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň döredilmegi we oňa hut Milli Liderimiziň ýolbaşçylyk etmegi Diýarymyzda atçylygyň milli medeniýetini täzeden dikeltmek we ösdürmek boýunça durmuşa geçirilýän ähli işleriň oňyn özgertmelere gönükdirilen bitewi syýasatdan gözbaş alýandygyny görkezýär.

Häzirki wagtda paýtagtymyzda we welaýat merkezlerinde hereket edýän aýlawlarda her ýylyň ýaz we güýz möwsümlerinde at çapyşyklary yzygiderli geçirilýär. Diýarymyzda diňe bir at çapyşyklary däl, eýsem, milli at üstündäki oýunlar, konkur boýunça ýaryşlar, görkezme çykyşlary hem guralýar. Türkmen ýigitleri gadymdan gelýän milli at üstündäki «Ata bukulma we atly bukulma», «Atly göreş», «Çybyk kesdi», «Altyn gabak», «Syrtmak atmak», «At bökdürme», «At agdarma» ýaly türgenleşik häsiýetli oýunlary häzirki wagtda hem sungat derejesinde kämilleşdirip ýerine ýetirýärler.

Muňa mysal edip, 2007-nji ýylda döredilen «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparyny, Türkmenistanyň Döwlet sirkiniň «Türkmen jigitleri» toparyny agzamak bolar. Bu toparlar atçylyk sport ýaryşlaryna, sirk sungaty festiwallaryna gatnaşyp, baýrakly orunlar bilen ýurdumyza dolanýarlar. Türkmen ýigitleri at üstündäki dürli oýunlary, akrobatik hem-de gimnastik tilsimleri, at çapmagyň ýokary ussatlygy bilen nobatdaky gezek tomaşaçylary we emin agzalaryny haýran galdyrýarlar.

Indi birnäçe ýyl bäri türkmen ýigitleri atçylyk sportunyň konkur görnüşi bilen meşgullanýarlar. Konkurçylar diňe bir ýurdumyzda däl, eýsem, halkara ýaryşlaryna gatnaşmaga hem tejribe topladylar. 2016-njy ýylyň aprelinde Aşgabadyň atçylyk sport toplumynda üsti açyk konkur meýdançasynyň ulanmaga berilmegi bolsa, atly sport bilen meşgullanýan ýaşlaryň göwün guşuny galkyndyrdy. Bu ýerde halkara derejedäki ýaryşlary geçirmäge hem mümkinçilik bar.

Ýeri gelende aýtsak, konkur hormatly Prezidentimiziň teklibi bilen 2017-nji ýylyň sentýabrynda paýtagtymyzda geçirilen Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň maksatnamasyna girizildi.

Ajaýyp ýyndamlyk, kuwwat hem-de erk, maksada okgunlylyk we çydamlylyk ýaly häsiýetler bedewleriň gözelligini has-da artdyrýar. Tejribeli seýislerdir çapyksuwarlary, ussat halypalary döwlet tarapyndan sylaglamak, olara mynasyp baha bermek maksady bilen ýurdumyzda «Türkmenistanyň at gazanan atşynasy», «Türkmenistanyň ussat halypa çapyksuwary» hem-de «Türkmenistanyň halk atşynasy» diýen hormatly atlar döredildi.

Ahalteke bedewlerine belent sarpa goýulýan ýurdumyzda atçylygy gorap saklamak, atçylyk sportuny ösdürmek maksady bilen, 2015-nji ýylyň 21-nji noýabrynda «Atçylyk we atly sport hakynda» Türkmenistanyň Kanuny kabul edildi.

Türkmen halkynyň baý medeni mirasyny, onuň atçylyk sungaty bilen bagly gadymy däp-dessurlaryny dikeltmek we aýawly saklamak baradaky ýaýbaňlandyrylan toplumlaýyn işler Gahryman Arkadagymyzyň «Ahalteke bedewi — biziň buýsanjymyz we şöhratymyz», «Gadamy batly bedew» atly eserlerinde hem dabaralandyrylýar.

Bedew batly ösüşlere beslenýän Diýarymyzda halkymyzyň eşretli durmuşda ýaşamaklary üçin ähli şertleri döredýän Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak, belent başlary aman bolsun!

Myrat MYRADOW,
Baýramaly şäheriniň prokurory.