15.06.2026
“Bedew bady bilen öňe barýan eziz Diýarymyzyň her bir güni halkymyzyň agzybirligini we ýurdumyzyň asudalygyny şöhratlandyrýar. Hormatly Prezidentimiz, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedowyň 6-njy maýda geçiren Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi harby we hukuk goraýjy edaralaryň şu ýylyň ilkinji dört aýyndaky işlerine belent baha berdi.
Mejlisde bellenilişi ýaly, goranyş häsiýetli Harby doktrinamyza laýyklykda, Watanymyzyň goranyş ukybynyň berkidilmegi we mukaddes serhetlerimiziň dost-doganlyk serhedi hökmünde goralmagy döwletimiziň baş maksadydyr.
Watan goragçylarynyň hünär derejesini ýokarlandyrmak, maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak we maşgala agzalarynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak boýunça durmuşa geçirilýän çäreler döwrümize bolan buýsanjymyzy artdyrýar.
Mejlisde aýratyn bellenilişi ýaly, 9-njy maýda — Ýeňiş gününiň baýramynyň ýokary derejede geçirilmegi nesilleriň mertlere bolan belent sarpasyny alamatlandyrýar.
Nurmyrat NURYÝEW,
Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrabynyň prokurorynyň uly kömekçisi,
2-nji derejeli ýurist.