news-photo
Arkadag şäheriniň hormatly ýaşaýjylaryna

28.06.2026

  Eziz watandaşlar!
Hormatly Arkadag şäheriniň ýaşaýjylary!

Garaşsyz Watanymyzda taryhy işler, beýik özgertmeler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Ykdysadyýetimiziň ähli pudaklary yzygiderli ösdürilýär, mähriban halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesi barha ýokarlandyrylýar. «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň her bir güni zähmet ýeňişlerine, şanly wakalara beslenýär. Munuň özi halkymyzyň agzybirliginden, jebisliginden, bagtyýarlygyndan aýdyň nyşandyr. Döwrebap binagärligiň nusgasy bolan Arkadag şäheriniň üç ýyllygy mynasybetli geçirilýän dabaralar hem ýurdumyzyň syýasy-jemgyýetçilik we medeni durmuşynda möhüm wakadyr. Sizi bu şatlykly waka bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.

Täsin gözelligi, kämil tehnologiýalary, milli binagärlik aýratynlygy bilen bütin dünýäde ykrar edilen Arkadag şäheri döwletimiziň ykdysady rowaçlygyny, halkymyzyň bagtyýarlygyny, belent abraýyny alamatlandyrýar. Geçen üç ýylyň dowamynda Arkadag şäherine «akylly» şähergurluşyk maksatnamasy, innowasion mümkinçilikleri, ekologiýa derejesi boýunça ýokary görkezijilerini tassyklaýan abraýly halkara güwänamalaryň hem-de sylaglaryň gowşurylmagy munuň aýdyň beýanydyr.

Hormatly adamlar!

Halkymyzda ýol, köpri gurmak sogap iş hasaplanýar. Şonuň ýaly-da raýatlaryň bagtyýarlygynyň, eşretli durmuşynyň bähbidine şäherleri gurmak, iri ýaşaýyş-durmuş taslamasyny amala aşyrmak ykdysady taýdan kuwwatly döwletlere mahsus bolup, olar uzak geljege nur saçýan mukaddeslikdir. Arkadag şäheri hem sahawatly türkmen topragynda dörän kämil sungat eseridir. Gojaman Köpetdagyň jana şypaly tebigaty bilen sazlaşyp, ynsan eli bilen döredilen ajaýyp gözellikdir. Bu şäheriň gurulmagy bilen, halkymyzyň durmuşynda uly özgertmeler, beýik ösüşler rowaçlanýar. Munuň özi her bir adamy, maşgalany goldamak boýunça döwlet syýasatymyzyň aýdyň görkezijisidir.

Eziz watandaşlar!

Gahryman Arkadagymyzyň jöwher zehininden bina edilen Arkadag şäherinde ýetilýän belent sepgitler hem aýratyn bellärliklidir. Şu ýylyň ilkinji günlerinde «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň Monako Knýazlygynyň Monte-Karlo şäherinde geçirilen 48-nji halkara sirk sungaty festiwalynda sirk sungatyna uly goşandy üçin Bütindünýä sirk federasiýasy hem-de Ýewropa Sirk assosiasiýasy tarapyndan halkara güwänamalara mynasyp bolmagy taryhy waka öwrüldi. Munuň özi behişdi bedewleriň gadymy mekanynda kemala gelen Arkadag şäheriniň şöhratyny bütin dünýäde has-da artdyrdy.

Türkmen wekiliýetiniň Azerbaýjanda Birleşen Milletler Guramasynyň Ilatly nokatlar boýunça maksatnamasy bilen bilelikde guralan Bütindünýä şäherler forumynyň 13-nji mejlisine gatnaşmagy we şol ýerde Arkadag şäheriniň halk köpçüligine tanyşdyrylmagy-da döwrebap şäherimiziň halkara derejedäki abraýyny belende galdyrmakda möhüm waka boldy. Nurana geljegimiziň nyşany bolan Arkadag şäheriniň abadançylygyň we rowaçlygyň belentliklerine tarap ynamly öňe barýan berkarar Watanymyzyň at-abraýyny mundan beýläk-de dünýä ýaýjakdygyna pugta ynanýaryn.

Hormatly adamlar!

Arkadag şäheri ekologiýa taýdan arassa, dünýäniň iň gözel şäherleriniň biridir. «Arkadag şäherini 2024 — 2052-nji ýyllarda ösdürmegiň Konsepsiýasyna» laýyklykda, «akylly» şäheriň ikinji tapgyrynyň gurluşyklary hem ýokary depginde alnyp barylýar. Bu işler merdana halkymyzyň bagtyýarlygyna, eşretli durmuşyna, röwşen geljegine gönükdirilendir.

Ýurdumyzyň taryhynda ilkinji «akylly» şäher bolan Arkadag şäheri haýyr-sahawat işleriniň dabaralanýan merkezine-de öwrüldi. Bu ýerde Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň döredilmeginiň bäş ýyllygy mynasybetli geçirilen çäreler uly dabaralara, çuňňur many-mazmuna beslendi. Şäherde gurulýan döwrebap metjidiň golaýda «Arkadagyň ruhy metjidi» diýlip atlandyrylmagy hem bu mekanda sahawatly işleriň barha rowaçlanýandygyny, halkymyzyň asylly däp-dessurlarynyň dowamat-dowam bolýandygyny görkezýär.

Eziz watandaşlar!
Hormatly Arkadag şäheriniň ýaşaýjylary!

Sizi Arkadag şäheriniň üç ýyllygy mynasybetli ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn. Siziň her biriňize berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, täze zähmet üstünliklerini arzuw edýärin.

 

Türkmenistanyň Prezidenti
Serdar BERDIMUHAMEDOW.