26.06.2026
«Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşiniň kabul edilmeginiň ýurdumyzda ýaşlaryň hukuklaryny we azatlyklaryny üpjün etmegiň binýadyny has-da berkidendigini bellemelidiris.
Bu resminama berkarar döwletimiziň we kämil jemgyýetimiziň ähli ugurlarda nazarlaýan belent sepgitleriniň rowaçlyklara beslenmegine ýaşlarymyzyň doly hukukly gatnaşmaklary üçin has oňaýly şertleri döretdi. Şoňa görä-de, döwletimizde ýaşlaryň hukuklary ygtybarly goralýar. Ýaşlara okajak mekdebini, okuwyň dilini, ugruny we görnüşini saýlap almaga doly hukuk berilýär. Olary iş bilen üpjün etmek, hünäri saýlap almak meselelerini çözmek boýunça zerur işler durmuşa geçirilýär.
Kabul edilen döwlet maksatnamalaryna, şol sanda ýurdumyzy 2022—2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasyna laýyklykda, ýaş raýatlaryň ýaşaýyş-durmuş üpjünçiligi gowulandyrylýar. Çünki Türkmenistan ýaşlaryň sagdyn ösüp, giň dünýägaraýyşly, dünýä ýaşlary bilen deň gadam urup bilýän nesiller bolup ýetişmegi ugrunda çuňňur aladalar edýän bilimler ýurdudyr.
Ýaşlaryň bagtyýarlygyna, sagdyn ösüp ulalmagyna gönükdirilen maýa goýumlaryny ýurduň geljegi üçin goýulýan iň ygtybarly maýa goýumlary hasaplaýan mähriban Diýarymyzyň ýaşlar baradaky döwlet syýasatynda gazanylan şeýle belent sepgitler halkara derejesinde ykrar edilýär.
Munuň özi diýseň buýsandyryjy bolup, bizi — hukuk goraýjy edaralaryň ähli düzümini hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň tabşyryklaryndan ugur alyp, netijeli işlemäge ruhlandyrýar. Sebäbi milli ykdysadyýetimiziň beýleki ähli ugurlarynda bolşy ýaly, ýurdumyzyň bilim we ýaşlar ulgamlarynda hem milli kanunçylygyň doly we dogry ýerine ýetirilmegini gazanmak öňümizde duran mukaddes borçdur.
Ýaşlar eziz Watanymyzyň egsilmez güýjüdir, kuwwatydyr, abraý-mertebesidir hem-de beýik geljegidir. Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegi, halkynyň has-da bagtyýar durmuşda ýaşamagy üçin taýsyz tagallalar edýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, il-ýurt, umumadamzat bähbitli beýik işleri elmydama rowaç bolsun!
Azat ŞYHNAZAROW,
Görogly etrabynyň prokurory,
1-nji derejeli ýurist.