11.07.2026
Eziz Diýarymyzda ösüp gelýän ýaş nesle döwrebap terbiýe bermek, onuň fiziki we ruhy güýçlerini ösdürmek maşgalanyň borjy bolup durýar. Döwletimiz çagalary terbiýelemekde maşgala dürli çäreler arkaly kömek berýär.
Türkmen halkynda asyrlaryň jümmüşinden bäri maşgala ojagynyň mukaddesligini gorap saklamak dowam etdirilýär. Maşgala — jemgyýetiň durnuklylygyny, ykdysady we ruhy ösüşini aýgytly derejede kesgitleýän ojakdyr. Ata-eneler bilen çagalaryň arasynda bölünýän hukuklar we borçlar perzendiň çagalyk ýyllaryndaky köp ugurlary üçin esas bolup hyzmat edýär we soňra şahsyýetiň jemgyýetiň durmuşyna goşant goşmagyna uly täsirini ýetirýär.
Türkmenistanyň Maşgala kodeksinde nika baglaşmagyň tertibi we şertleri, ata-ene bilen çagalaryň, maşgalanyň beýleki agzalarynyň arasynda ýüze çykýan şahsy we emläk gatnaşyklary, perzentlige almak, hossarlyk we howandarlyk etmek, çagalary terbiýelemek bilen baglanyşykly ýüze çykýan gatnaşyklaryň hukuk tertibi bellenilýär. Sebäbi döwletimiziň mizemezligi maşgalalaryň berkligine we agzybirligine bagly bolup durýar.
Gahryman Arkadagymyzyň: «Watana, il-güne bolan beýik söýgi maşgala terbiýesinden başlanýar. Maşgala döwletimiziň we jemgyýetimiziň ilkinji düzümidir» diýen paýhasly jümlesi döwlet syýasatymyzyň iň esasy, wajyp ugrunyň kämil we sagdyn nesilleri terbiýeläp ýetişdirmek wezipesini öňümizde goýýar. Ýaşlaryň ylymly-bilimli, öz saýlan hünärleriniň ussady bolup ýetişmekleri üçin, ilkinji nobatda, olaryň ruhy we beden taýdan sagdyn bolmagyny, şeýle-de olaryň ýaramaz endiklerden daşda durmagyny gazanmaly. Şu nukdaýnazardan, ýaşlara döwrebap terbiýe bermek üçin maşgalada ene-atalar, bilim ulgamynda terbiýeçiler, mugallymlar örän jogapkärçilikli çemeleşip, pederlerimizden miras galan kämil we milli ahlak sypatlaryny ýaşlaryň aňyna ýetirip, olary özünde terbiýelemegi başarýan, olara uýýan ynsanperwer şahsyýetleri terbiýeläp ýetişdirmäge borçludyrlar. Çünki olaryň ilhalar ýaşlar bolup ýetişmegi üçin maşgalanyň, mekdebiň, jemgyýetiň birleşen tagallasy zerurdyr.
«Çaganyň hukuklarynyň döwlet kepillikleri hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň 1-nji maddasynda: «Çaga — on sekiz ýaşyna (kämillik ýaşyna) ýetmedik adam» diýlip kesgitlenilýär. Çaga kalby tämiz dogulýar, onuň päk ahlakly, watançy ynsan bolup ýetişmegi jemgyýetde alan terbiýesine bagly. Has takygy, atalarymyzyň «Ekersiň — orarsyň, eklärsiň — görersiň» diýşi ýaly, çaga ene-atanyň, mekdep mugallymlarynyň berýän edep-terbiýesiniň, görüm-göreldesiniň ýeterlik we netijeli däldigi, olaryň terbiýesiniň ünsden düşürilendigi sebäpli ýaramaz endiklere ýykgyn edýär.
Şonuň üçin-de, çaga terbiýesine juda jogapkärli çemeleşmelidir. Bu ugurda Magtymguly Pyragynyň «Edebiň ýagşysy — ulyny syla», onuň atasy Döwletmämmet Azadynyň tutuş bir edep mekdebi bolan «Wagzy-Azat» eserini, Keý Kowusyň «Kowusnamasyny», «Gorkut atany» ýaşlary terbiýelemekde, olary kämil şahsyýet edip ýetişdirmekde her bir ene-ata giňden ulanmalydyr. Ýaş nesliň kämil ahlakly bolup ýetişmegi türkmen jemgyýetiniň öňünde durýan baş wezipeleriň biri bolup durýar.
Çaga terbiýesini talabalaýyk üpjün etmekde çagalar baglaryndan başlap, orta, ýörite we ýokary okuw mekdeplerinde köpugurly işler netijeli durmuşa geçirilýär. Bu ugurda döwletiň beýleki edara-kärhanalary hem utgaşykly terbiýeçilik işlerini alyp barýarlar. Şeýle-de bolsa, islendik jemgyýetde çaganyň ahlak terbiýesi babatda aýratyn jogapkärli orun ata-enä degişlidir. Elbetde, her bir ynsan çagasy ýagşy arzuwlar we amallar bilen ömür sürmäge çalyşmaly. Şeýle adam jemgyýete diňe peýda getirýär, ýagny ähli ugurlarda ýurduň gülläp ösmegine oňyn täsirini ýetirýär.
Görşümiz ýaly, jemgyýetiň ygtybarly we sazlaşykly özgermegi biziň ahlak kämilligimize, herki meýilleşdirýän oňyn arzuw-hyýallarymyza hem-de olara ýetmek üçin durmuşa geçirýän amallarymyza bagly bolup durýar. Bu wezipeleriň durmuşda amala aşyrylmagy bolsa, köp derejede çagalaryň ata-eneleriniň yhlasyna we jogapkärçiligine baglydyr.
Perzendi ýetişdirip, halal, gaýratly adam etmek, Alp Arslanyň, Görogly begiň, Gorkut atanyň, Däli Domrulyň halallyk, mertlik, ynsanperwerlik hakyndaky ýörelgelerini gursagynda şineleden, Watan üçin jan bermäge, serden geçmäge taýyn nesilleri, özi-de halal, watançy nesilleri terbiýelemekde biziň hemmämiziň, şol sanda ene-atalaryň hem borjy uludyr.
Yhlasly zähmet çekmäge mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun!
Batyr ARTYKOW,
Garagum etrabynyň prokurory,
ýustisiýanyň geňeşçisi.