19.06.2026
2026-njy ýylyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýyly diýlip yglan edilmegi milli medeniýetimiziň ähli ugurlaryndaky üstünliklerini täze belentliklere çykarmaga täze badalga boldy.
Şu ýylyň başynda Monako Knýazlygynyň Monte-Karlo şäherinde 48-nji Halkara sirk sungaty festiwalynyň çäklerinde geçirilen dabaraly çärede «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparyna sirk sungatyna uly goşandy üçin Bütindünýä Sirk federasiýasy hem-de Ýewropa Sirk assosiasiýasy tarapyndan halkara şahadatnamalarynyň gowşurylmagy täze ýeňişlere buşlukçy boldy.
Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary esasynda 2022-nji ýylyň 9-njy noýabrynda «Sirk we sirk sungaty hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň kabul edilmegi dünýäniň buýsanjyna öwrülen bu toparyň işlerini has-da ilerletdi.
Döwlet Baştutanymyzyň 2024-nji ýylyň ýanwarynda kabul eden Karary bilen döwlet sirklerine we aýry-aýry professional sirk döredijilik toparlaryna «Milli» hukuk derejesini bermegiň tertibiniň hem-de şertleriniň tassyklanylmagy bolsa Türkmenistanda sirk sungatyny has-da kämilleşdirmek we bu ugurdaky işleriň ösdürilmegini goldamak babatda möhüm ähmiýetli badalga boldy.
Milli Liderimiz: «Galkynyş» toparynyň agzalary ahalteke bedewlerinde çylşyrymly hereketleri ýerine ýetirýärler. At üstünde täsin oýunlary görkezýärler. Siz ençeme halkara ýaryşlarda üstünlikli çykyş edip, baş baýraklara mynasyp bolduňyz. Dünýäniň çar künjünde türkmen tuguny belende göterdiňiz» diýip, bu toparyň agzalarynyň milli sungatymyzy jahana ýaýmakda görkezýän ussatlyklaryna mynasyp baha berýär.
Milli medeniýetimiziň we sungatymyzyň täze ösüşlere ýetmegi ugrunda beýik işleri durmuşa geçirýän hormatly Prezidentimiziň, Milli Liderimiziň janlary sag, işleri rowaç bolsun!
Döwran BAÝRAMOW,
Türkmenbaşy şäheriniň prokurorynyň uly kömekçisi,
1-nji derejeli ýurist.