24.08.2026
Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň ykdysadyýetini kuwwatlandyrmak babatda möhüm ähmiýetli işler yzygiderli durmuşa geçirilýär. Ýurdumyz dünýä jemgyýetçiliginde dabaralanýan ulag-logistika, energiýa serişdelerini howpsuz we üstaşyr geçirmek ýaly giň gerimli halkara başlangyçlary öňe sürýär.
Halkymyzda: «Ulag geçer-rysgal saçar» diýen ajaýyp, ýörgünli jümle bar. Ýol gurmagy, köpri gurmagy sogap hasaplaýan halkymyz şeýle asylly işlerde nusgalyk görelde görkezmegi hem başarýar.
Döwletimiziň geografik taýdan amatly-Günbatar bilen Gündogary, Aziýa bilen Ýewropany baglanyşdyrýan ýollaryň çatrygynda ýerleşmegi ýurdumyzyň ulag-üstaşyr ulgamynyň döwrebap şertlerde has-da ýokary depginler bilen ösmegine mümkinçilik döredýär.
Türkmenistan howa menzillerini, awtomobil we demir ýollaryny, gaz we elektrik geçirijilerini, aragatnaşyk ulgamlaryny gurmak, döretmek bilen halkara derejedäki belent ornuny has-da pugtalandyryp, Demirgazygyň we Günortanyň, Günbataryň we Gündogaryň, Aziýanyň we Ýewropanyň arasynda «Altyn derwezä» öwrüldi.
Hormatly Prezidentimiziň ulag-üstaşyr geçelgelerini döretmek baradaky halkara başlangyçlarynyň durmuşa geçirilmeginiň çäklerinde gurlup, ulanylmaga berilýän Türkmenistanyň halkara awtomobil we demir ýollary, howa menzilleri, halkara deňiz porty halklary birleşdiriji häsiýete eýe bolmak bilen, müňýyllyklaryň dowamynda Ýewraziýanyň halklaryny özara baglanyşdyran we adamzat siwilizasiýasynyň ösüşinde ägirt uly ähmiýete eýe bolan Beýik Ýüpek ýolunyň täzeden dikeldilmegine giň ýol açýar. Bu bolsa sebitde ählumumy parahatçylygyň, durnukly ykdysady ösüşiň bähbitlerine ýardam berýär.
«Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022-2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» milli ykdysadyýetimizi ösdürmek boýunça wezipeleriň oňyn çözgütleri halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň has-da ýokarlanmagyny üpjün edýär.
Döwletiň kuwwatlylygy ýurduň ykdysady ösüşi bilen kesgitlenilýär. Ykdysadyýetiň rowaçlygy bolsa ulag ulgamy bilen berk baglanyşyklydyr. Häzirki wagtda ýurdumyzyň üstünlikli ösüşiniň aýrylmaz hem möhüm bölegi bolup durýan döwrebap ulaglar düzüminiň hem-de ulag ýollarynyň kemala getirilmegi hormatly Prezidentimiziň durmuşa geçirýän oňyn içeri we daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar.
Ýurdumyzda bu ulgamda ýüze çykýan gatnaşyklar Türkmenistanyň Howa kodeksi, Türkmenistanyň Söwda deňiz gatnawynyň kodeksi, şeýle hem «Awtomobil ulagy hakynda», «Awtomobil ýollary we ýol işi hakynda», «Magistral turba geçiriji ulag hakynda», «Demir ýol ulagy hakynda» hem-de «Ulag howpsuzlygy hakynda» Türkmenistanyň Kanunlary we beýleki hukuk namalary bilen düzgünleşdirilýär.
Ulag-logistika ulgamynda köptaraplaýyn gatnaşyklary alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, tutýan tutumly işleri rowaçlyklara beslensin!
Akmyrat Ataýew,
Sakarçäge etrap prokurory,
1-nji derejeli ýurist.