HALKYMYZYŇ GÖRELDE MEKDEBI

02.09.2026

Ömrüni we ykbalyny Watana bagyşlan ynsanlary taryham, halkam hakydasyndan çykarmaýar. Olaryň durmuş ýoly nesilleri watansöýüjilik, arassa ahlaklylyk, ynsanperwerlik ruhunda terbiýelemekde ähli döwürler üçin nusgadyr. Gahryman Arkadagymyzyň mähriban kyblasy, Watanyň wepaly ogly Mälikguly Berdimuhamedowyň durmuşy hem tutuş halkymyz, aýratyn-da, ýaşlar üçin görelde mekdebidir. Gahryman Arkadagymyz «Döwlet guşy», «Älem içre at gezer» romanlarynda, «Mertler Watany beýgeldýär», «Mert ýigitler gaýrat üçin dogulýar», «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi», «Ömrümiň manysy» ýaly ençeme eserlerinde mähriban pederleriň paýhasyna hormat goýmagy durmuş hakykaty bilen utgaşyklykda anyk maglumatlar bilen subut edýär. «Älem içre at gezer» romanynda Gahryman Arkadagymyzyň atasy — mugallym, esger, ilhalar ynsan Berdimuhamet Annaýewiň mekdep müdiri bolup işläp ýörkä fronta gidişi we çagalygy gazaply uruş ýyllaryna gabat gelen kakasy Mälikguly aganyň şol kynçylykly ýyllarda görkezen edermenlikleri barada berýän gürrüňleri nesilleriň kalplaryny watançylyk duýgularyna gaplaýar.

Mälim bolşy ýaly, Watana gulluk etmegiň beýik nusgasyny görkezen Mälikguly aga şol gazaply hem juda kynçylykly ýyllarda on bir ýaşly çagadygyna garamazdan, adamlary zähmete we ýeňşe ruhlandyrýan goşgulary ýazmagyň hötdesinden gelipdir. Mälikguly aganyň çagalyk ýyllarynda ýazan «Ýeňiş biziňki bolar!», «Uruş bolmasyn!», «Ýaşasyn», «Köp ekeliň dänäni!», «Aslymy yzlasam mertdir pederim», «Ýürek mydam mähribanlyk küýseýär» ýaly goşgulary ajaýyp edebi mirasdyr. Ol goşgular ýaşlarda milli edebiýatymyza söýgi döretmegiň, okamak endiklerini kämilleşdirmegiň mekdebidir. Gahryman Arkadagymyzyň nygtaýşy ýaly, ol goşgularda beýik watansöýüjilik, adamlara mähribanlyk we söýgi bar. Gahryman Arkadagymyzyň kakasy Mälikguly aganyň şol goşgulary hemişe parahatçylyk isleýän we asudalygyň tarapdary bolan adamlaryň halal zähmete bolan islegleriniň buýsançly beýanydyr. Ol goşgular Mälikguly aganyň bitiren nusgalyk işleri, ajaýyp ahlak sypatlary — Watany, halky, ata-eneleri ezizlemegiň, maksada okgunlylygyň, ruhubelentligiň beýik nusgasy bolup, watançylyga, belent ynsanperwerlige çagyrýan gaýtalanmajak simfoniýadyr. «Döwlet guşy» romanynyň süňňündäki wakalar barada Gahryman Arkadagymyz eseriň giriş sözünde: «Başa düşen agyr işler gahrymanlary dogurýar» diýip ýazýar. Gahryman Arkadagymyz: «Mähriban kyblamyň ömür ýoly — maňa nusgalyk ýol, onuň asylly, beýik ahlak sypatlary meniň idealym, meniň durmuş uniwersitetim» diýip, buýsanç bilen belleýär. Edil şu wakalar baradaky gürrüňe Gahryman Arkadagymyz «Mertler Watany beýgeldýär» kitabynda hem giňişleýin orun berýär. Mugallym atasy Berdimuhamet Annaýewiň 1941—1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunyň ýalynly ýyllarynda arza berip, günbatarda gopýan aldym-berdimli söweş meýdanyna gidendigini beýan edýär. Ol halk ykbalynyň çözülýän ýerinde bolmagy hökmanylyk hasap edip, arza ýazyp, meýletin söweşe gidýär. Bu barada Gahryman Arkadagymyz: «Biziň maşgalamyz üçin gahrymanlaryň, watançylaryň tälim-terbiýe mekdebi hemişelik nusga. Bu her bir türkmen maşgalasy üçinem şeýledir diýip pikir edýärin. Kakam Mälikguly Berdimuhamedow 26 ýyldan gowrak wagtlap içeri işler edaralarynda gulluk edip, uly serkerdelige çenli şöhratly ýoly geçdi. Ol tabynlygyndaky gullukçylary söweş hem-de syýasy taýdan taýýarlamaga, olaryň medeniýetliligine diýseň uly üns beripdir. Içeri işler ministrliginiň edaralarynda işlän ýyllary kakam Daşoguz, Mary, Aşgabat şäherlerinde dürli wezipeleri alyp barypdyr. Bu maglumatlar bilen okyjy tanyşdyr. Watan goragynyň ykbalyň gönüden-göni şejerämize dahylly eden beýik wezipesidigine guwanýandygymy bellemek isleýärin. Geljekde hem, goý, uly hem wajyp aladamyz, maksadymyz Watan goragy hem asudalygy bolsun diýesim gelýär» diýip belleýär.

Käri boýunça taryhçy mugallym, ýurduň içeri işler ulgamynda uly serkerdelige çenli gulluk ýoluny geçen Mälikguly aganyň durmuş ýoly, toplan baý tejribesi Watan goragçylary üçin merdanalygyň mekdebidir. Döwlet Baştutanymyzyň 2022-nji ýylyň 24-nji martynda paýtagtymyzyň Bagtyýarlyk etrabynyň Çoganly ýaşaýyş toplumyndaky Içeri işler ministrliginiň Mälikguly Berdimuhamedow adyndaky ýaşaýyş jaý toplumynyň nobatdaky tapgyrynyň açylyş dabarasynda, dabaraly çäreleriň çäginde mähriban atasy, Türkmenistanyň içeri işler edaralarynyň hormatly weterany, durmuş we zähmet ýoly nesillere nusgalyk görelde bolan Mälikguly Berdimuhamedowyň güberçek görnüşindäki heýkeline tagzym etmegi nesillere peder sarpasyny tutmagyň kämil göreldesi boldy. Bu taryhy waka Mälikguly aganyň halk we Watan üçin bitirilýän her bir işiň ynsanyň iň uly baýlygydygyny ündeýän nesihatlarynyň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň baş şygaryna öwrülýändigini görkezdi.

Bu pursatlar hormatly Prezidentimiziň: «Biz ata-enelerimiziň we maşgalanyň mukaddesligini arşa göterýän halkdyrys!» diýip bellemegi halkymyzda ata-enä, nesil terbiýesine uly hormat goýulýandygyna kepil geçýär.

Ulus-ilimiziň aýdyşy ýaly, Watanyň wepaly ogly Mälikguly aganyň Türkmenistanyň içeri işler edaralarynda uzak ýyllaryň dowamynda birkemsiz çeken tutanýerli zähmeti, ýaşlary zähmetsöýerlik we Watana wepalylyk ruhunda terbiýelemekde bitiren aýratyn uly hyzmatlary hem-de belent adamkärçiligi halkymyza görelde mekdebidir. Alym Arkadagymyzyň «Ömrümiň manysy» atly edebi-filosofik eserinde: «Halk diýeniň, millet hem ymmat diýeniň — mizan. Ol mydama seniň agramyňy ölçär durar» diýmek arkaly, adamyň özüni alyp barşyndaky hereketlerini, hyýal-häsiýetini halkyň bilýändigini we dogry bahalandyrýandygyny beýan edip, okyjynyň şahsy jogapkärçilik duýgusyny ösdürýär.

Ata-babalaryň kämil paýhasyny durmuşyň aýdyň ýörelgesine öwürmegi öňe süren Gahryman Arkadagymyzyň nusgalyk işlerini mynasyp dowam etdirýän hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň jany sag, ömri uzak bolsun!

Begnazar Kajarow,
derňew edaralarynda kanunlaryň berjaý edilişine gözegçilik boýunça Mary prokurory,
2-nji derejeli ýurist.