11.10.2026
Ýurdumyzda saglygy goraýyş ulgamyny ösdürmek we onuň ilata elýeterliligini üpjün etmek boýunça netijeli işler durmuşa geçirilýär. Baky Bitarap Türkmenistan Konstitusiýa esasynda her bir adamyň durmuş taýdan goraglylygyny kepillendirýän döwletdir. Garaşsyzlygymyzyň ilkinji ýyllaryndan başlap, ýurdumyzda kömege mätäç raýatlara, köp çagaly maşgalalara, hossarsyz çagalara we weteranlara giňden goldaw berilýär. Her bir raýatyň mynasyp durmuş şertlerinde ýaşamagyna gönükdirilen bu syýasat jemgyýetimiziň agzybirligini, ýurdumyzyň syýasy we durmuş taýdan durnuklylygyny üpjün edýär.
Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy tarapyndan ýaş nesilleri durmuş taýdan goldamak, howandarlyga mätäç çagalaryň saglygyny dikeltmäge ýardam bermek we olaryň bagtyýar durmuşda ýaşamagy üçin amatly şertleri döretmek ugrunda giň möçberli işler durmuşa geçirilýär. «Türkmenistanda ylmy-lukmançylyk diplomatiýasyny ösdürmegiň 2026–2052-nji ýyllar üçin Milli strategiýasy» saglygy goraýyş ulgamyny mundan beýläk-de kämilleşdirmek üçin uly mümkinçilikleri özünde jemleýändigi bilen ähmiýetlidir. Bu barada Milli Liderimiz Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisinde giňişleýin durup geçdi.
Ýurdumyzda ähli künjeklerde iň kämil lukmançylyk enjamlary bilen üpjün edilen saglygy goraýyş desgalary yzygiderli gurlup, ulanmaga berilýär. Ählihalk forumynda hormatly Prezidentimiziň şu ýyl Saglygy goraýyş we derman senagaty ulgamynyň işgärleriniň gününe gabatlanyp, Aşgabat şäherinde Halkara pediatriýa merkeziniň, Halkara onkologiýa ylmy-kliniki merkeziniň we Stomatologiýa merkeziniň, Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynda bolsa, «Arçman» şypahanasynyň goşmaça täze bejeriş merkeziniň binalar toplumynyň ulanmaga beriljekdigi barada aýtmagy watandaşlarymyzyň kalplarynda hoşallyk duýgularyny has-da artdyrdy.
Türkmen halkynyň eşretli durmuşda ýaşamagy üçin taýsyz tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, işleri hemişe rowaç bolsun!
Kakajan Ataýew, Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynyň prokurory,
1-nji derejeli ýurist.