14.10.2026
Hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisinde eden taryhy çykyşynda Gahryman Arkadagymyzyň Arkadag şäheriniň Ruhyýet köşgünde Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli ýaşlaryň gatnaşmagynda geçirilen umumy okuw sapagynyň ähmiýetini aýratyn bellemek bilen, «Türkmenistanda ýaşlar barada döwlet syýasatynyň 2031-nji ýyla çenli Döwlet maksatnamasynyň» kabul edilmeginiň ýaşlar syýasatyny durmuşa geçirmekde möhüm ähmiýete eýe boljakdygyny nygtady.
Munuň özi, Milli Liderimiziň nygtaýşy ýaly, ýaşlar barada döwlet syýasatyny üstünlikli durmuşa geçirmäge, zehinli ýaşlary ýüze çykarmaga, ylymly-bilimli nesilleri terbiýeläp ýetişdirmäge ýardam berer. Bu babatda döwlet Baştutanymyz «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly kitabynda häzirki döwürde ýaşlar syýasatynyň hukuk binýadynyň has berkidilendigi hakynda buýsanç bilen nygtap: «Kanunda ýaşlaryň ykdysady taýdan özbaşdak bolmagyny, olaryň jemgyýetçilik, durmuş-ykdysady we medeni durmuşa işjeň gatnaşmagyny üpjün etmek maksady bilen, telekeçilik başlangyçlaryny ösdürmäge hem-de ýaş raýatlaryň hukuklaryny, borçlaryny durmuşa geçirmäge, olaryň döwlet tarapyndan goldanylmagyna gönükdirilen birnäçe ýeňillikler göz öňünde tutuldy» diýip ýazýar.
Ýeri gelende nygtasak, 2022-nji ýylyň 1-nji sentýabrynda rejelenen görnüşde kabul edilen «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň 24-nji maddasynda ýaşlaryň hünär bilimi edaralarynda okuwyň tölegini tölemek we Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde okuw hem-de ylmy edebiýatlary edinmek, şeýle hem naharlanmak, ýaşamak we beýleki durmuş hajatlarynyň çykdajylaryny kem-käsleýin ýapmak üçin ýeňillikler göz öňünde tutulýar. Mundan başga-da, ýaşaýyş jaýyny gurmak we edinmek, mellek ýerlerini edinmek, öý hojalygyny edinmek üçin ýaşlara ýeňillikli karzlary bölüp bermek baradaky kadalar Milli Liderimiziň «Döwlet adam üçindir!» atly ynsanperwer şygaryny dabaralandyrýar. Bu Kanunyň 32-nji maddasyna laýyklykda, bilim edarasyny tamamlan we ýaňy işe kabul edilen ýaş hünärmenleriň girdeji salgydyny zähmet döwrüniň birinji ýylynda bellenilen kadasyndan 50 göterim, ikinji we üçünji ýyllarynda bolsa 25 göterim ýeňillikli tölemegiň tertibini Türkmenistanyň salgyt kanunçylygyna laýyklykda kesgitlemek ýaşlaryň ykdysady özbaşdaklygynyň üpjün edilmegine, olaryň zähmet hukuklarynyň we borçlarynyň durmuşa geçirilmegine ýardam edýär.
Ýaşlarymyzyň okamagy, hünär öwrenmegi, bolelin ýaşamagy üçin ähli şertleri döredýän hormatly Prezidentimiziň, Gahryman Arkadagymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, işleri hemişe rowaç bolsun!
Daňatar Abdyllaýew, Akdepe etrabynyň prokurory, 1-nji derejeli ýurist.