17.10.2026
-Ýaşamak we işlemek üçin döredilýän giň mümkinçilikler, ynsan mertebesiniň belent tutulmagy we ak ýürekden çekilýän halal zähmete mynasyp baha berilmegi başlanan işleriň netijeliligini üpjün edýär. Maňa-da ýustisiýanyň uly geňeşçisi diýen hünär derejesi berildi. Munuň özi meni döwletimizde kanunlaryň berjaý edilişine gözegçiligi güýçlendirmäge, kanunçylygy we hukuk tertibini pugtalandyrmaga, raýatlaryň hukuklaryny we azatlyklaryny goramaga, şeýle hem döwletiň kanun tarapyndan goralýan bähbitlerini üpjün etmäge gönükdirilen işlerimizde hormatly Prezidentimiziň ynsanperwer syýasatyny durmuşa geçirmäge mynasyp goşant goşmaga borçlandyrdy.
Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun!
Aknabat Annadurdyýewa, Türkmenistanyň Baş prokuraturasynyň Kazyýet kararlarynyň kanunylygyna gözegçilik müdirliginiň uly prokurory, ýustisiýanyň uly geňeşçisi.