20.10.2026
- Ine, şu toýly günde maňa-da Türkmenistanyň «Watana bolan söýgüsi üçin» medaly bilen sylaglanmak bagty nesip etdi. Bu döwlet sylagy meni mundan beýläk-de gijämi gündiz edip, ak ýürekden gulluk etmäge ruhlandyrdy. Hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň “Ýaşlar - Watanyň daýanjy” atly kitabyndaky: “Biz merdana Watan goragçylarynyň öz mukaddes borçlaryny yhlasly hem döredijilikli gulluk bilen mynasyp ýerine ýetirmekleri üçin ähli şertleri döredýäris” diýen setirler ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň işgärleri üçin aýratyn buýsançlydyr.
Harby we hukuk goraýjy edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak ugrunda bimöçber tagallalary edýän hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak bolsun!
Daýanç Hydyrow, Türkmenistanyň Baş prokuraturasynyň Seljeriş we maglumatlar bölüminiň müdiri, 1-nji derejeli ýurist.