ÝURDUMYZYŇ BAŞ BAÝLYGY

23.10.2026

        Adam saglygyny ähli zatdan ilerde goýýan hormatly Prezidentimiz bu barada döwlet ähmiýetli, il-ýurt bähbitli adyl syýasaty durmuşa geçirýär. Halkyň saglygy - ýurduň baýlygy hasaplanylýan döwletimizde raýatlaryň sagdyn ýaşamagy üçin ähli mümkinçilikler döredilýär we bu şertler ýurdumyzyň kanunçylygynda hem berkidilýär.

Döwlet Baştutanymyzyň halkymyzyň saglygyny berkitmäge, eşretli durmuşda uzak ýaşamagyny üpjün etmäge, hemmetaraplaýyn ösen şahsyýeti terbiýelemäge gönükdirilen syýasatynyň netijesinde häzirki wagtda döwletimiz sagdynlygyň we ruhubelentligiň ülkesine öwrülýär. Jemgyýetimizde kämil şahsyýeti terbiýelemekde ata-babalarymyzyň «Sagdyn bedende — sagdyn ruh» ýörelgesinden ugur alyp, döwletimizde bedenterbiýe we sport hereketlerine giň orun berilýär.

Adamyň howpsuzlygynyň üpjün edilmegi, saglygynyň, hukuklarynyň we bähbitleriniň hemmetaraplaýyn goralmagy ilkinji orunda durýar. Bu bolsa biziň döwletimiziň hukuk binýadynyň döwre görä kämilleşdirilmegi bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Adamlaryň saglygyny goramak boýunça giň çäreleriň geçirilmeginiň zerurdygy baradaky garaýyş «Raýatlaryň saglygynyň goralmagy hakynda», «Ýokanç keselleriň öňüni almak hakynda» Türkmenistanyň Kanunlarynyň, «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň içinden eriş-argaç bolup geçýär.

Saglygy goraýşyň dürli ugurlaryny ösdürmek boýunça ýurdumyzda ýokary derejede we ulgamlaýyn esasda giň gerimli çäreleri durmuşa geçirmek, sagaldyş hem-de bejeriş edaralarynyň durkuny täzelemek boýunça maksatnamalaýyn işler amala aşyrylýar. «Ilatyň fiziki işjeňligini ýokarlandyrmak boýunça 2018 - 2025-nji ýyllar üçin Milli strategiýa», Türkmenistanda 2018 - 2024-nji ýyllarda alkogolyň zyýanly täsiriniň öňüni almak boýunça Milli maksatnama, Türkmenistanyň ilatynyň sagdyn iýmitlenmegi boýunça 2020 - 2025-nji ýyllar üçin Milli maksatnama hem-de şol maksatnamany amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleri meýilnamalaýyn esasda ýerine ýetirmek keselleriň öňüni almakda we sagdyn durmuş ýörelgelerini ornaşdyrmakda uly ähmiýete eýe boldy.

Ýurdumyzyň welaýatlarynda, paýtagtymyzda we Arkadag şäherinde dünýäniň ösen ülňülerine laýyk gelýän, kämil tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylan döwrebap hassahanalar, bejeriş-öňüni alyş edaralary, gaýragoýulmasyz «Tiz kömek» merkezleri, «Ene mähri» merkezleri, oba saglyk öýleri gurlup ulanylmaga berilýär.

Bu ugurda ýerli saglyk öýlerinde maşgala lukmançylygy ýörelgesi boýunça edilýän saglygy goraýyş hyzmatlaryny kämilleşdirmek, raýatlaryň saglygynyň goraglylygyny döwlet tarapyndan kepillendirmek, ilatyň aýry-aýry toparlaryny mugt saglygy goraýyş hyzmatlary bilen üpjün etmek, döwlet meýletin saglyk ätiýaçlandyrmasynyň şertnamasyny baglaşmagyň tertibini düzgünleşdirmek maksady bilen Türkmenistanyň Prezidentiniň 2017-nji ýylyň 5-nji oktýabryndaky «Ilata edilýän saglygy goraýyş hyzmatlaryny kämilleşdirmek hakyndaky» Karary hem hereket edýär. Bu resminama «Saglyk» Döwlet maksatnamasyny üstünlikli durmuşa geçirmegiň çäklerinde ilata edilýän saglygy goraýyş hyzmatlarynyň hilini ýokarlandyrmakda möhüm ädim boldy.

Raýatlarymyzyň saglygyny berkitmek boýunça giň gerimli işleriň ýola goýulmagy, saglyk ähmiýetli tebigy ýer-suw serişdelerimizi peýdalanmagyň çäklerinde bejeriş ähmiýetli tebigy zolaklarda şypahanalary gurmak, öňki bar bolanlaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny kämilleşdirmek babatda alnyp barylýan işler «Il saglygy — ýurt baýlygy» diýen şygaryň yzygiderli durmuşa ornaşdyrylýandygynyň aýdyň subutnamasydyr.

Lukman Arkadagymyzyň «Türkmenistan — sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurdy» atly ajaýyp eserinde: «Döwlet öz raýatlarynyň saglygy we abadançylygy hakynda alada etmäge borçludyr. Sebäbi sagdyn jemgyýet sagdyn döwletiň özeni bolup durýar. Ýöne biziň her birimiziň hem saglyga degişli ýönekeý talaplary we borçlary berjaý etmegimiz zerurdyr» diýip belleýär.

Halkymyza ösen derejedäki saglygy goraýyş hyzmatlarynyň ýerine ýetirilmegi, milli saglygy goraýyş ulgamynyň özgerdilmegi hem-de dünýä ülňülerine laýyklykda ösdürilmegi, ilatyň durmuş goraglylygynyň üpjün edilmegi hem-de sagdyn durmuş ýörelgeleriniň ornaşdyrylmagy hormatly Prezidentimiziň çuňňur oýlanyşykly hem-de köptaraplaýyn syýasatynyň netijesidir.

Şamyrat Gurbanow, Mary welaýatynyň prokuraturasynyň Baş derňew bölüminiň müdiri 2-nji derejeli ýurist.