05.11.2026
Asyrlaryň dowamynda ata-babalarymyz ahalteke bedewlerini ösdürip ýetişdirmegiň milli ýörelgesini döredipdirler. Häzirki wagtda bu däpler ussat atşynaslarymyz, seýislerimiz tarapyndan mynasyp dowam etdirilýär. Bu işlerde Gahryman Arkadagymyzyň «Ahalteke bedewi — biziň buýsanjymyz we şöhratymyz», «Gadamy batly bedew», «Atda wepa-da bar, sapa-da» atly eserleriniň gymmatly gollanma öwrülendigini bellemek gerek. Milli we dünýä medeniýetiniň naýbaşy nusgasy bolan behişdi bedewler häzirki döwürde Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň gazanýan beýik üstünlikleriniň nyşanydyr. Şunuň bilen baglylykda, 2026-njy ýylyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan - bedew batly at-myradyň mekany» ýyly diýlip yglan edilmegi ahalteke atlaryny wagyz etmek we geljek nesillere ýetirmek ugrunda alnyp barylýan işleri has-da ilerletmekde täze tapgyra badalga berdi.
Ýurdumyzda ahalteke bedewlerimiziň baş sanyny artdyrmak, olaryň mertebesini dünýä ýaýmak babatda işleriň gerimini we ähmiýetini Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalarynda aýdyň görmek bolýar. Şu ýylyň 23-nji sentýabrynda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde «Türkmenistanda ahalteke bedew atlarynyň döwlet goragy hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň kabul edilmegi bu ugurdaky işleriň mynasyp dowamyna öwrüldi. Behişdi bedewlerimiziň genofonduny gorap saklamak, arassa ganly tohum atlary döwlet tarapyndan hasaba almak, ylmy barlaglary ösdürmek, milli atşynaslyk däplerini geljek nesillere geçirmek ýaly meseleleriň kanunçylyk derejesinde berkidilmegi milli mirasymyzyň döwrebap hukuk çemeleşmesiniň mysalydyr.
Mundan başga-da, ýurdumyzda arassa ganly tohum atlaryň genofonduny gorap saklamak, şeýle-de atlar köpeldilende, ösdürilip ýetişdirilende we ulanylanda ýüze çykýan gatnaşyklary düzgünleşdirmek maksady bilen, 2015-nji ýylda «Atçylyk we atly sport hakynda» Türkmenistanyň Kanuny kabul edildi. Bu Kanun Türkmenistanyň Konstitusiýasyna esaslanýar, şeýle hem «Maldarçylykda tohumçylyk işi hakynda», «Seleksiýanyň gazananlaryny hukuk taýdan goramak hakynda», «Beden terbiýesi we sport hakynda» Türkmenistanyň Kanunlaryndan, atçylyk we atly sport babatdaky Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryndan ybaratdyr.
Bu Kanun atşynaslaryň we at eýeleriniň hukuklaryny we borçlaryny kesgitleýär. Şeýle hem bu resminama atlaryň ösdürilip ýetişdirilmegi, köpeldilmegi we ulanylmagy bilen bagly ýüze çykýan gatnaşyklary düzgünleşdirýär. Atçylyk sportunyň ulgamynda dünýäniň öňdebaryjy tejribelerini ornaşdyrmak hem-de ahalteke bedewleriniň dünýädäki şan-şöhratyny mundan beýläk-de belende galdyrmak, atly sporty kämilleşdirmek boýunça degişli işler yzygiderli dowam etdirilýär. Ýurdumyzda ähli welaýatlarda gurlan döwrebap atçylyk-sport toplumlarynda at çapyşyklaryny, atly sport oýunlaryny hem-de atlaryň päsgelçiliklerden bökmek boýunça ýaryşlaryny geçirmek hem asylly däbe öwrülýär.
Ýeri gelende bellesek, hormatly Prezidentimiziň 2026-njy ýylyň 1-nji iýunyndaky Kararyna laýyklykda, halkymyzyň göz guwanjyna, asylly maksatlarynyň myradyna deňelýän, türkmen halkynyň genji-hazynasyna öwrülen behişdi bedewlerimiziň dünýädäki şan-şöhratyny has-da belende galdyrmak, şeýle hem dünýä derejesindäki halkara gözellik we atly sport bäsleşiklerine gowy taýýarlyk görmek maksady bilen, halkara bäsleşikleri ýokary derejede geçirmek boýunça Döwlet guramaçylyk topary döredildi. Şunuň bilen baglylykda, şu ýylyň sentýabrynda Niderlandlar Patyşalygynda ahalteke atlarynyň arasynda geçirilen gözellik we atly sport bäsleşikleri boýunça dünýä çempionatyna hem-de Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň açyk mejlisine Gahryman Arkadagymyzyň gatnaşmagy behişdi bedewlerimiziň dünýädäki şan-şöhratyny belende galdyrmakda möhüm ähmiýete eýe boldy.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda amala aşyrylýan il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli işleriň biri-de milli mirasymyz bolan ahalteke bedewlerine goýulýan sarpadyr. Ata-babalarymyz tarapyndan dowam etdirilip gelnen milli mirasymyzyň ýaş nesillere geçirilmegi hem möhüm ähmiýete eýedir. Milli ýörelgelerimiziň dowamatynyň dowam bolmagy, atçylyk däplerimiziň goralmagy we ösdürilmegi ugrunda bimöçber alada edýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, döwletli işleriniň hemişe rowaç bolmagyny arzuw edýäris.
Rahmanberdi Amanberdiýew, Darganata etrap prokurorynyň kömekçisi