WATANYMYZYŇ BAÝLYGY

08.11.2026

Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan halk bähbitli, döwlet ähmiýetli ynsanperwer syýasatynyň netijesinde gözbaşyny gadymy döwürlerden alyp gaýdýan şöhratly taryhymyzy, ata-babalarymyzyň dünýä medeniýetine goşan gymmatlyklaryny ylmy esasda düýpli öwrenmekde we şu günki hem-de geljekki nesillere ýetirmekde giň gerimli işler alnyp barylýar.

«Türkmen alabaý itlerini ösdürip ýetişdirmek däpleri» atly milli hödürnamanyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi hem munuň nobatdaky dabaralanmasydyr.

Milli Liderimiziň türkmen alabaýlarynyň taryhy, olary idetmegiň baý milli ýörelgeleri we täsirli maglumatlary özünde jemleýän «Türkmen alabaýy» atly eseri giň okyjylar köpçüligine we alymlara adamzadyň gymmatly durmuş tejribesiniň, pähim-paýhas käniniň önümi bolan milli baýlyklarymyza has çuňňur aralaşmaga, şonuň bilen birlikde, türkmen alabaýy hakyndaky düýpli ylmy maglumatlar bilen tanyşmaga mümkinçilik berdi. Şunuň bilen birlikde, ol ýurdumyzda milli itşynaslyk düzümini ösdürmekde, türkmen alabaýlarynyň owadan sypatyny we haýbatly keşbini, wepalylyk häsiýetlerini, şöhratly genofonduny gorap saklamakda görnükli işleri bitirmäge badalga boldy.

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň başlangyçlary esasynda 2022-nji ýylyň 24-nji iýunynda «Itçilik we kinologiýa işi hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň kabul edilmegi bolsa ýurdumyzda itçiligi we kinologiýa işini ösdürmegiň hukuk, ykdysady we guramaçylyk esaslaryny kesgitleýän, tohum itleriniň genofonduny gorap saklamagyň hukuk binýadyny döretdi.

Häzirki döwürde gaýduwsyz alabaý Watanymyzyň düýpli özgertmeler we ösüşler ýolunda gazanýan ägirt uly üstünlikleriniň hakyky nyşanyna öwrüldi. Wepaly atly alabaýyň keşbiniň 2017-nji ýylda Aşgabatda geçirilen Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň şekili bolmagy hem muňa şaýatlyk edýär.

Ýurdumyzda her ýylyň oktýabr aýynyň soňky ýekşenbe güni uly dabara bilen bellenilýän Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli «Ýylyň türkmen edermen alabaýy» atly halkara bäsleşigiň geçirilmegi, milli itşynaslyk mekdebiniň iň gowy däplerini wagyz etmekde hem-de ornaşdyrmakda aýratyn hyzmatlary bitiren ildeşlerimize döwlet sylaglarynyň gowşurylmagy, hormatly atlaryň dakylmagy halkymyzyň baý medeni mirasynyň aýrylmaz bölegi bolup durýan alabaý itini häzirki zaman dünýä ylmynyň gazananlaryny ulanmak arkaly ulgamlaýyn esasda saklamakda, ýetişdirmekde, köpeltmekde we onuň şan-şöhratyny dünýä ýaýmakda alnyp barylýan döwlet derejesindäki işleri dabaralandyrýar.

Alym Arkadagymyzyň «Türkmen alabaýy» atly kitabynda nesihat edişi ýaly: «Alabaý - biziň milli buýsanjymyz. Alabaý - biziň Watanymyzyň baýlygy. Ol biziň ata-babalarymyzyň döreden milli gymmatlygy. Ony gorap saklamak, ähli ajaýyplygy bilen geljek nesillerimize ýetirmek biziň borjumyz».

Milli mirasymyzy, medeniýetimizi, halk senetçiligini ösen döwrümiziň öwüşginleri bilen baýlaşdyryp, bütin dünýä ykrar etdirýän Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň jany sag bolsun, il-ýurt ähmiýetli işleri hemişe rowaçlyklara beslensin!

Döwran Gaýypow, Daşoguz şäher prokurorynyň orunbasarynyň wezipesini ýerine ýetiriji, ýustisiýanyň geňeşçisi.