Habarlar
Maşgala - baş gala
Maşgalany, eneligi, atalygy we çagalygy goramagyň döwlet kepillikleriniň bellenilmegi, maşgalanyň ykdysady taýdan özbaşdaklygynyň we hal-ýagdaýynyň ýokarlanmagy üçin şertleriň döredilmegi Türkmenistanyň maşgala kanunçylygynyň esasy maksady bolup durýar.
Maşgala kodeksiniň 15-nji maddasynda: «Nika ýaşy on sekiz ýaş diýlip bellenilýär» diýilýär. Nika baglaşmagyň tertibini anyk kadalaşdyrýan Maşgala kodeksiniň 17-nji maddasynda beýan edilişi ýaly, nika ýaşyna ýeten we nika baglaşmak isleýän adamlar RÝNÝ edaralaryna arza bermäge haklydyrlar. Arzanyň ýanyna pasport (ýa-da onuň ornuny tutýan resminama) goşulýar. Bu Kodeksde bellenilişi ýaly, adatça, nikanyň baglaşylmagy nika baglaşmak isleýän adamlaryň gatnaşmagynda, olaryň RÝNÝ edaralaryna arza beren gününden başlap, bir aý geçenden soň geçirilýär. Emma göwrelilik, çaganyň dogulmagy, iş ýa-da okuw bilen baglanyşykly başga ýere gidilmegi, çagyryş boýunça harby gulluga çagyrylmagy, nikanyň baglaşylmagynyň toý gününde resmileşdirilmegi we beýleki ýagdaýlar ýüze çykanda, nika baglaşmak isleýän adamlaryň haýyşy boýunça RÝNÝ edaralary nikanyň baglaşylmagyny döwlet tarapyndan bellige almak üçin bellenilen möhleti uzaltmaga borçludyrlar.
Milli kanunçylygymyzda hormatly Prezidentimiziň: «Biz ata-enelerimiziň we maşgalanyň mukaddesligini arşa göterýän halkdyrys» diýen sözlerinde öz beýanyny tapýan durmuş hakykaty dabaralanýar.
Ýaşlarymyzyň sapaly durmuşda ýaşamagy üçin ähli şertleri döredýän hormatly Prezidentimiziň, Gahryman Arkadagymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun!
Babageldi Agamyradow, Gyzylarbat etrabynyň prokurorynyň tälim alyjy kömekçisi.