Habarlar

Baş sahypa / Metbugat neşirleri / SUNGATYŇ BAÝRAMY

SUNGATYŇ BAÝRAMY

Medeniýet milli ruhy gymmatlyklaryň esasynda döwlet we jemgyýetçilik taglymatlarynyň kemala gelmegi bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Bu ulgam döwlet syýasatynyň möhüm bölegidir. Şu nukdaýnazardan, bu ugurda gazanylýan her bir üstünlik dürli durmuş şertleriniň tutuş toplumyny özünde jemleýär.

Mälim bolşy ýaly, paýtagtymyzda «Bagtyýarlyk döwrüniň teatr sungaty» atly V halkara festiwal geçirilýär. Ol Azerbaýjanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Russiýa Federasiýasynyň, Täjigistanyň, Özbegistanyň, Türkiýäniň wekiliýetlerini bir ýere jemleýän özboluşly baýramdyr.

Medeniýet ulgamy diňe bir jemgyýetimiziň talaplaryny kanagatlandyrmak bilen çäklenmän, eýsem, demokratik özgertmeler, durmuş-ykdysady ösüş ýolunda Türkmenistanyň mundan beýläk-de öňe gitmegi babatda ägirt uly mümkinçilikleri özünde jemleýär. Şoňa görä, döwlet Baştutanymyzyň bu ugurda öňe sürýän wezipeleri halkymyzyň medeni derejesini ýokarlandyrmaga ýardam edýän gündelik aň-bilim işinden başlap, ulgamyň ylmy-usulyýet binýadyny kemala getirmek ýaly meseleleriň giň toplumyny öz içine alýar. Dostlukly döwletleriň sungat wekilleriniň gatnaşmagynda geçirilýän bu halkara teatr festiwaly tejribe alyşmaga, ussatlyk okuwlaryny geçirmäge ýardam berer. Ol ösüp barýan ýaş nesilleriň dünýä halklarynyň medeniýetleri, häzirki zaman teatr sungaty bilen ýakyndan tanyşmagyna uly ýardam berýändigi bilen ähmiýetlidir.

Ýeri gelende bellesek, bu babatda ýurdumyzda «Teatr we teatr işi hakynda» Türkmenistanyň Kanuny hereket edýär. 9 bapdan, 38 maddadan ybarat bolan bu Kanun teatr we teatr işi babatda döwlet syýasatynyň hukuk, ykdysady, durmuş we guramaçylyk esaslaryny kesgitleýär. Şeýle hem ol sahnalaşdyrylan teatr eserleriniň döredilmegi we janly ýerine ýetirilişde köpçülige görkezilmegi bilen baglanyşykly ýüze çykýan gatnaşyklary düzgünleşdirýär, teatr işiniň, şeýle hem onuň döwlet tarapyndan goldanylmagynyň görnüşleriniň hukuk esaslaryny kesgitleýär. Galyberse-de, bu resminama raýatlaryň döredijilik islegleriniň we bähbitleriniň emele getirilmegine we kanagatlandyrylmagyna, olaryň estetiki taýdan terbiýelenmegine, Türkmenistanyň halkynyň ruhy mümkinçilikleriniň goralyp saklanylmagyna, ösdürilmegine we baýlaşdyrylmagyna gönükdirilendir.

Şeýlelikde, teatr sungatynyň şu gezekki gözden geçirilişi köklerini asyrlaryň çuňlugyndan alyp gaýdýan baý milli mirasly, döwrebap sepgitleri gazanýan Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň ynsanperwer ugurly syýasaty durmuşa geçirýändigini nobatdaky gezek tassyklar.

Diýarymyzda milli medeniýetimizi, sungatymyzy ösdürmek boýunça ägirt uly işleri bitirýän Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak, işleri rowaç bolsun!

Daýanç Kakabaýew, Daşoguz welaýat prokuraturasynyň umumy gözegçilik bölüminiň müdiriniň wezipesini ýerine ýetiriji, 1-nji derejeli ýurist.

Metbugat neşirleri Noýabr 23, 2026

Meňzeş habarlar