SANLY YKDYSADYÝET - ÖSÜŞIŇ MÖHÜM ŞERTI

11.09.2022

Arkadagly Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda ýurdumyzda sanly ykdysadyýeti ösdürmekde. ylmyň gazananlaryny önümçilige ornaşdyrmakda. söwda-senagat, oba hojalyk, ulag-aragatnaşyk, ylym-bilim we beýleki ulgamlaryň işlerini innowasion esasda alyp barmakda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe giň gerimli işler durmuşa geçirilýär. Şolar bilen birlikde. ykdysadyýeti dolandyrmagyň hukuk binýady hem kämilleşdirilýär.

Esasy Kanunymyzyň 134-nji maddasynda Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň bazar gatnaşyklary ýörelgelerine esaslanýandygy döwletiň telekeçiligi höweslendirýändigi we goldaýandygy, kiçi we orta işewürligiň ösmegine ýardam edýändigi nygtalýar. Bu kadalar pudaklaýyn kanunçylykda ulgamlaýyn düzgünleşdirilip, has-da ösdürilýär. Mundan başga-da, «Türkmenistanda 2020 — 2025-nji ýurtlarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyny» durmuşa geçirmek boýunça uly işler amala aşyrylýar.

Häzirki zaman şertlerinde sanly ykdysadyýet jemgyýetçilik durmuşynyň, şol sanda telekeçiligi ösdürmegiň esasy şerti hasaplanylýar. Sanly ykdysadyýetiň ösdürilmegi ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň has-da gowulanmagyna ýardam edýär, amatly, döwrebap harytlary gysga wagtyň içinde satyn almak we satmak mümkinçiligini giňeldýär, wagty tygşytlaýar. Şeýlelikde, sanly ykdysadyýetiň ösdürilmegi telekeçiler üçinem, sarp edijiler üçinem bähbitli bolup, olaryň öňünde täze mümkinçiliklere ýol açýar.

Goý, ýurdumyzy ösüşiň has uly belentliklerine tarap alyp barýan, döwletimiziň ykdysady kuwwatyny hem-de halkara abraýyny artdyrmak babatda ägirt uly işleri durmuşa geçirýän hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak, il-ýurt bähbitli tutumlary elmydama rowaç bolsun!

 

Ogulbibi MÄMMETGURBANOWA, Balkanabat şäher prokurorynyň tälim alyjy kömekçisi.