ÖMRÜMIZIŇ RAHATLYGY

20.09.2022

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň «Ýol hereketiniň howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça 10 ýyllyk maksatnamasyny» durmuşa geçirmek maksady bilen 2012-nji ýylyň 31-nji martynda kabul edilen «Ýol hereketiniň howpsuzlygy hakynda» Türkmenistanyň Kanuny esasynda ýurdumyzda raýatlarymyzyň saglygynyň goragyna gönükdirilen işler durmuşa geçirilýär. Her ýyl «Ýol hereketiniň howpsuzlygy - ömrümiziň rahatlygy» atly biraýlygyň çäginde geçirilýän çäreler, maslahatlar Diýarymyzy baýramçylyk lybasyna besleýär.

«Ýol hereketiniň howpsuzlygy – ömrümiziň rahatlygy» atly biraýlygyň geçirilmegi her birimiziň ömrümiziň goraglylygyna gönükdirilen düzgünleri yzygiderli gaýtalap, öwrenip durmagymyza ýardam edýär. Türkmenistanyň Içeri Işler ministrliginiň Polisiýanyň Ýol gözegçilik gullugynyň işgärleriniň gatnaşmagynda çagalar baglaryna gatnaýan körpelerden başlap, orta mekdepleriň okuwçylarynyň, ýörite orta hünär okuw mekdepleriniň, ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň, şeýle-de dürli edara kärhanalarda zähmet çekýän raýatlaryň gatnaşmagynda, ýol hereketiniň düzgünlerini doly we dogry berjaý etmäge degişli dürli çäreler guralýar. Ýokary okuw mekdebimizde bu ugurdan ýörite hünärmenler bilen geçirilýän duşuşyklar biz üçin örän tasirli bolýar.

Biz, köplenç halatda, ýol hereketiniň düzgünleri diňe sürüjilere degişli ýaly pikir edýäris. Ýöne öýden çykandan soň, ulagly bolsun, pyýada bolsun, her bir adam ýol hereketine gatnaşyjy bolup durýar. Diýmek, ýol hereketiniň howpsuzlygynyň düzgünleri ählimize-de degişli. «Ýol hereketiniň howpsuzlygy hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, pyýada ýolagçylar artykmaçlykdan peýdalanýan-da bolsa, olaryň hem öz ýerine ýetirmeli borçlary kesgitlenilendir. Pyýadalaryň howpsuzlygyny üpjün etmek çäreleri häzirki wagtda bütindünýa hereketine öwrüldi. Hereketiň howpsuzlygynda ýollarymyzyň hil derejesiniň ähmiýeti uludyr. Şonuň üçin hem gözel Diýarymyzyň aýna ýaly ýollary dünýä derejesine laýyk getirilip, awtoulaglara edilýän hyzmatlar ýokarlandy. Köçe-ýol hereketiniň howpsuzlygynyň kanunçylyk binýadyny kämilleşdirmekde ägirt uly işler durmuşa geçirildi.

Ýol hereketiniň howpsuzlygyny gazanmak işine her birimiziň işjeň gatnaşmagymyz bagtyýar ýaşaýşymyzyň kepilidir. Halkymyzyň bagtyýar ýaşaýşy bolsa Diýarymyzda durmuşa geçirilýän işleriň özenini düzýär. Sebäbi biziň «Watan diňe halky bilen Watandyr!» diýip, geljegimiziň röwşenligi ugrunda beýik işleri amala aşyrýan hormatly Prezidentimiz bar! Şonuň üçin-de ähli halkymyzyň, şol sanda ruhubelent ýaşlarymyzyň kalbynda Arkadagly Serdarymyza alkyşly sözler aýdym bolup ýaňlanýar.

 

Lebap welaýatynyň Dänew etrap prokuraturasynyň sülçüsi, Serdar REJEPOW, 3-nji derejeli ýurist.