23.09.2022
Türkmenistan Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň ýörelgelerine laýyklykda, sebitde we dünýäde ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşde ulaglaryň ähli görnüşleri boýunça gatnaşyklary pugtalandyrmak hem-de ösdürmek ugrunda işjeň çykyş edýär. Garaşsyz Türkmenistan Demirgazyk — Günorta, Günbatar — Gündogar ugurlarynyň çatrygynda amatly çäkde ýerleşmek bilen, öz öňünde açylýan mümkinçilikleri has-da giňeltmäge we ählumumy bähbitleri sazlaşdyrmak arkaly sebitde we bütin dünýäde abadançylygy, durnuklylygy, parahatçylygy berkarar etmäge derwaýys goşandyny goşýar. Şu ýylyň 15-16-njy awgustynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň ulag ministrleriniň derejesinde geçirilen maslahat hem muňa aýdyň şaýatlyk edýär.
Hormatly Prezidentimiziň halkara maslahatda sanly ulgam arkaly eden çykyşynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň «Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlaryň ählumumy ulag hyzmatdaşlygynyň ösüşinde we ony pugtalandyrmakda ornuny ýokarlandyrmak hakyndaky» Rezolýusiýasyny işläp taýýarlamak baradaky teklibi öňe sürdi. Bu resminamanyň biziň döwletlerimiziň bähbitlerini öňe sürmäge we olara düşünmäge ýardam berjekdigini nygtady.
Garaşsyz ýurdumyzda döwlet syýasatynyň ösüşiniň ähli tapgyrlarynda Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan döwletli tutumlaryny durmuşa geçirmek ugrunda netijeli işleri alyp barýan hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen daşary ykdysady gatnaşyklarda öňde goýulýan maksatlar tapgyrlaýyn, yzygiderli we netijeli häsiýete eýedir. Muny Türkmenistanyň başlangyjy bilen 2014-nji, 2015-nji, 2017-nji we 2021-nji ýyllarda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň ulag ulgamynda durnukly ulag we halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek meseleleri boýunça kabul edilen Kararnamalary hem aýdyň görkezýär. Bu halkara resminamalar diňe bir ýurdumyz üçin ykdysady bähbitli bolman, ählumumy bähbitleri we amatly şertleri göz öňünde tutýar.
Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň ulag ministrleriniň derejesindäki halkara maslahatyň Jemleýji Beýannamasynda bu döwletleriň Hereketleriň Wena maksatnamasynyň degişli ileri tutulýan ugurlaryny hem-de 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Durnukly ösüş ulgamynda Gün tertibini doly ýerine ýetirmegine päsgelçilik döredýän COVID-19 pandemiýasynyň oňaýsyz täsirleri, howanyň üýtgemeleri we beýleki kynçylyklar doly seljerilip, olaryň zyýanly netijelerini aradan aýyrmak üçin çäreleriň teklip edildi. Forumda orta atylan meseleleriň we olaryň ýüze çykmagynyň sebäpleriniň seljerilmegi bilelikde anyk çözgüde gelmek işleriniň aýdyň subutnamasydyr.
Forumyň Jemleýji resminamasy tutuş adamzat jemgyýetiniň häzirki döwürde ýüzbe-ýüz bolýan meseleleriniň çözgüdini tapmaga ýardam edýän we netijeli başlangyçlary, parahatçylykly we bähbitli usullary teklip edýän çäredigini subut etdi.
Ýurdumyzyň ulag-logistika ulgamynyň has-da kämilleşmegi, halkara ulag hyzmatdaşlygyndaky ornunyň pugtalanmagy ugrunda umumadamzat bähbitli işleri durmuşa geçirýän hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak, belent başy aman bolsun.
Şükür ANNALYÝEW, Mary etrabynyň prokurory, 1-nji derejeli ýurist.