26.09.2022
Milli gymmatlyklary gorap saklamak we dünýä ýaýmak ýurdumyzda yzygiderli durmuşa geçirilýän döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Gahryman Arkadagymyzyň: «Alabaý — biziň milli buýsanjymyz. Alabaý — biziň Watanymyzyň baýlygy. Ol biziň ata-babalarymyzyň döreden milli gymmatlygy. Ony gorap saklamak, ähli ajaýyplygy bilen geljek nesillerimize ýetirmek biziň borjumyz» diýip belleýşi ýaly, Garaşsyz we baky Bitarap döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda itşynaslygy ösdürmekde uly işler durmuşa geçirilýär.
Garaşsyz we baky Bitarap döwletimizde hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň saýasynda, beýleki ulgamlar bilen bir hatarda, bu ulgamyň hem kanunçylyk binýady yzygiderli kämilleşdirilýär. Ýagny, 2022-nji ýylyň 24-nji iýulynda «Itçilik we kinologiýa işi hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň kabul edilmegi milli gymmatlyklarymyza goýulýan sarpanyň beýanydyr. Bu Kanun itçiligi we kinologiýa işini ösdürmegiň hukuk, ykdysady we guramaçylyk esaslaryny kesgitleýär hem-de tohum itleriniň genofonduny gorap saklamaga gönükdirilen bu ugurdaky hukuk binýadydyr.
«Itçilik we kinologiýa işi hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň birinji maddasynda bu kanunçylykda ulanylýan esasy düşünjeleriň üstünde sada dilde durlup geçilýändigini, kanunçylyga laýyklykda, itçiligiň — itleri köpeltmek, idetmek we olaryň tohumyny gowulandyrmak maksady bilen alnyp barylýan işiň görnüşidigi, kinologiýanyň — itleriň gelip çykyşyny we ewolýusiýasyny, olaryň anatomiýasyny we fiziologiýasyny, köpeldilişini, saklanylyşyny, iýmitlendirilişini hem-de peýdalanylyşyny öwrenýän ylymdygy, kinologiýa işiniň — tejribede, şol sanda sportda ulanmak üçin itlere tälim bermek, olara aw awlamagy, kowgyny öwretmek we olaryň beýleki taýýarlygy, itleri ulanmak bilen zootehniki, sport, görkezme hem-de beýleki köpçülikleýin çäreleri guramak we geçirmek, adamlara itlere seretmegiň endiklerini öwretmek hem-de itçilik we kinologiýa babatda hünärmenleri taýýarlamak, itçiligi öwrenmek we ösdürmek maksatly ylmy-barlag işlerini geçirmek, şeýle hem itleri peýdaly maksatlar üçin ulanmak bilen baglanyşykly işdigi barada bellenilip geçilýär, it eýeleriniň hukuklary we borçlary kesgitlenilýär.
Hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň: «Halkyň Arkadagly zamanasy» şygary bilen geçýän ýylda sebitlerde meýilleşdirilen ähli çäreler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy ruhuna laýyk gelmelidir» diýip belleýşi ýaly, toýlary goşa-goşadan gelýän mähriban halkymyzyň her bir güni baýramçylyga, şanly senelere beslenýär.
Türkmen halkyna asuda, abadan durmuşy döredip berýän hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň jany sag, ömri uzak, umumadamzat ähmiýetli başlangyçlary rowaç bolsun!
Sähragül AŞYROWA, Balkan welaýat prokuraturasynyň kazyýet kararlarynyň kanunylygyna gözegçilik bölüminiň uly prokurory, ýustisiýanyň geňeşçisi.