NAZ-NYGMATA BAÝ DIÝAR

29.09.2022

Güneşli Diýarymyz ýokuma baý ir-iýmişleriň, datly nygmatlaryň mekanydyr. Pederlerimiz sahawatly türkmen topragynda dürli ir-iýmişleri, bakja ekinlerini ýetişdirip, olardan ýokary hasyl almagy başarypdyr. Ata-babalarymy- zyň döreden daýhançylyk däplerine, ajaýyp ýörelgelerine eýerýän daýhanlarymyz bu gün dürli miweli baglary, behişdi bakja ekinlerini ýetişdiripdirler. Ak bazarlarymyzda ilata hödürlenýän dürli naz-nygmatlaryň bolçulygynyň mysalynda hem türkmen daýhanlarynyň çekýän zähmetiniň miwesine buýsanç bilen göz ýetirýäris.

Häzirki wagtda ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň Hojalyk müdirligi tarapyndan miweli baglaryň ýetişdirilişine uly üns berilýändigini, olardan ýokary hasylyň alynýandygyny bellemek has-da ýakymlydyr. Hormatly Prezidentimiz 10-njy sentýabrda Ahal welaýatyna iş saparyny amala aşyran mahalynda welaýatyň täze, döwrebap edara ediş merkeziniň ýanynda ýerleşýän harby we hukuk goraýjy edaralaryň Hojalyk müdirligine degişli bagçylyk we üzümçilik meýdanyna barmagy, üzümiň «Kärizek» atly görnüşiniň köpçülikleýin ýygymyna badalga bermegi biz — hukuk goraýjy işgärlerini has-da begendirdi.

Ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň Hojalyk müdirliginiň üzümçilik meýdanlarynda üzümiň «kärizek», «şaserpaý», «taýpy», «rowaç», «türkmen içkimar», «sary kişmiş», «sagdäne», «garrygala», «akdäne», «gyzyl üzüm» ýaly görnüşleriniň ýetişdirilýändigi, olaryň ýokumlylyk we süýjülik babatda biri-birinden tapawutlanýandygy uly buýsanç bilen bellenilmeli ýagdaýdyr. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda azyk bolçulygynyň pugtalanmagyna, bagçylygyň ösüşine aýratyn üns berip, bagbanlarymyza milli ekerançylyk däpleriniň esasynda dürli miweleri, gök we bakja ekinlerini ösdürip ýetişdirmäge döreden giň mümkinçilikleri üçin döwlet Baştutanymyza alkyşlarymyz çäksizdir.

 

Sylapberdi KAKAJANOW, Gökdepe etrabynyň prokurorynyň tälim alyjy uly kömekçisi.